Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SÜÝT ÖNÜMLERINIŇ PEÝDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.08 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Süýt önümleri öz köpdürlüligi bilen tapawutlanyp, olaryň  düzümindäki belogyň, kalsiý mineralynyň ýokary mukdary bu önümleriň esasy gymmatlygyny düzýändir. Süýt belogy aňsatlyk bilen aminoturşulyklara dargap aňsat özleşýändir. Süýdiň düzümindäki süýt turşadyjy bakteriýalar içegeleri peýdaly bakteriýalar bilen baýlaşdyryp, içege disbakteriozynyň öňüni alýandyr. Şonuň üçin turşadylan süýt önümlerini iýmit-siňdiriş  agzalarynyň keselleriňde kabul etmek peýdalydyr. Ýokary ýaglylykly süýdi, dorogy, peýniri, gaýmagy beden agramynyň ýetmezçiliginden kösenýän adamlara kabul etmek peýdalydyr. Tersine, ateroskleroz, ýürek kesellerinden, semizlikden ejir çekýän adamlar pes we orta  ýaglylykly süýt önümlerine ýykgyn etmelidir.

Hemme peýdaly önümlerde bolşy ýaly, süýt önümlerini hem, belogyň dargama önümleriniň bedende  toplanma ýagdaýynyň öňüni almak maksady bilen, belli bir çäkli  kabul etmelidir. Bir günde ýaş adamlara  süýt ýagynyň 50 gramyny, gartaşan adamlara bolsa 20-30 gramyny kabul etme maslahat berilýär. Ýokary kuwwatlylykly dorogy we peýniri  hepdede 2-3 gezekden  köp iýmeli däldigini we olaryň bir gezekki mukdarynyň 100-150 gramdan köp bolmaly däldigini belläsimiz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5276 gezek okalan