Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
KISEL ZYÝANLYMYKA?
Hormatly okyjy!
Kiseliň düzümine girýän düzüjilere seljerme berme, onuň şeýle bozulmalara getirip bilmejekdiginden güwä geçýär. Bu önümiň düzümine girýän holin bedende ýag çalşygyny kadalaşdyrsa, metionin alyş-çalyş ýagdaýlara oňaýly täsirini ýetirip, aşgazanasty mäziniň işini kadalaşdyrýandyr. Kiseldäki B2 witamini deriniň guramagynyň we saçyň düşmeginiň öňüni alsa, ondaky A witamini bedende alawlama hadysalarynyň öňüni almaga kömek edýär. Kiselde saklanýan PP witamini bolsa, ruhy gamgynlylygyň öňüni almaga we ýatkeşligi ýokarlandyrmaga kömek edýändir. Düzüminde saklanýan witaminleriň mukdary boýunça suleden taýynlanan kisel has peýdaly bolup durýar.
Dükanlarda satylýan kiseller alnanda onuň düzümine üns bermelidir. Olaryň düzüminde saklanýan reňkleýjiler, konserwantlar bedene zyýan ýetirip, allergiki täsirliligiň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup bilerler. Hakyky ýasalan kisel önümi ýokary kuwwatlylyga eýe bolup, beden agramyny ýokarlandyryp biljekdigini bellemelidir. Kiselde saklanýan maddalaryň jynsy gowşaklyga getirip bilmejekdigini ýene bir gezek belläsimiz gelýär.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3667 gezek okalan