Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
WITAMIN ÝETMEZÇILIGINIŇ ALAMATLARY WE ONY ARADAN AÝYRMAGYŇ ÇÄRELERI
Sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek üçin witaminleriň hökmany suratda gerekdigi barada eýýäm hiç kim şübhelenmeýär, ýöne onuň ýetmezçiliginde döreýän alamatlary bolsa köp kişi bilmeýär.
Çagalarda haysydyr bir witaminiň görnüşine bolan gytçylyk, şeýle-de utgaşykly witamin ýetmezçiligi-gipowitaminoz (hypo-az, azalmak) ýagdaýyny döredip biler.
Witaminleriň ýetmezçiliginiň yokarlanmagy ýa-da olaryň bedende bolmazlygy awitaminoz ("a" – ýoklugy aňladýan goşulma) diýip atlandyrylýar.
Witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagynyň esasy sebäpleri:
► Kesgitli bir witaminiň bedene düşmeginiň ýetmezçilik etmegi ýa-da witamini saklaýan önümleriň iýmitde az bolmagy;
► Fiziologiki aýratynlyklara görä witamin ýetmezçiligi (göwrelilik döwri, göwüsden iýmitlendirme, täze doglan çagalar, çaganyň ösüş döwürleri);
► Witaminleriň işjeň däl görnüşinden, işjeň görnüşe geçmeginde bozulmalar. Meselem, çagada ýagda ereýän D witaminiň işjeň görnüşiniň gytçylygyny, onuň bedende emele gelmegini tijendirýän gün şöhleleriniň ýetmezçiligi döredip biler;
► Uzaga çekýän keselçilik, agramly fiziki işjeňlilik, dowamly stres ýagdaýlary witaminleriň dargamagynyň güýçlenmegine getirip biler;
► Iýmit-siňdiriş ulgamynyň keselleri (gastrit, enterokolit, gelmintoz) witaminleriň gana sorulmagynyň näsazlyklaryny döredip biler;
► Böwrek keselleri mineral duzlaryň sorulmagynyň we şol sanda witamin çalşygynyň üýtgeşmelerine getirýär;
► Bedende madda çalşygynyň dogabitdi bozulmalary;
► Derman serişdeleriniň käbir görnüşlerini ulanmak (antibiotikler, sulfanilamidler, buşukdyryjy serişdeler) witaminleriň çalşygyna ýaramaz täsir edip bilýär;
► Zäherleýji himiki maddalar we oba hojalygynda ulanylýan awular bilen zäherlenmeler, öýjüklerde amala aşýan witamin çalşygyny bozmaga ukyplydyr.
Witamin ýetmezçiliginiň umumy alamatlary:
♦ Yokanç keselleri kabul edijiligiň yokarlanmagy;
♦ Çagalaryň bedeniniň ösüşden yza galmagy;
♦ Ýadawlygyň yokarlanmagy;
♦ Umumy gowşaklyk;
♦ Emosional işjeňligiň peselmegi;
♦ Ýadyň peselmegi.
Her bir witaminiň bedende kesgitli bir biohimiki hadysalary amala aşyrýandygy sebäpli, olaryň ýetmezçiliginde her witamine mahsus bolan aýratyn alamatlary tapawutlandyrýarlar.
Witaminler ýagda we suwda ereýän iki topara bölünýärler.
ÝAGDA EREÝÄN GÖRNÜŞLERI
A witamin (retinol) ýetmezçiliginiň alamatlary:
⇒ Deriniň, nemli gatlaklaryň zeperlenmegi, guraklygyň peýda bolmagy, saçyň düşmegi we dyrnaklaryň guraklygy we çalt döwülmegi;
⇒ Gijeki görşüň kütelmegi ("towuk körlügi" – gemeralopiýa);
⇒ Deride teňňe şekilli örgünleriň döremegi;
⇒ Dodaklarda we agzyň töwereklerinde ýaryklaryň emele gelmegi;
⇒ Dem alyş, iýmit siňdiriş, peşew bölüp çykaryş ulgamlarynyň keselleriniň dowamly görnüşe geçmegi.
Retinolyň çalşygynyň dogabitdi bozulmalarynda, gije körlügiň döremekligi, gözüň birleşdiriji bardasynyň guraklygy, göreçde tegmilleriň (Iskorsk-Bito-tegmili) peýda bolmagy ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.
Bu üýtgeşmeleriň esasynda, inçe içeganiň nemli bardasynda ýerleşýän öýjüklerde amala aşýan fermentleriň çalşygynyň bozulmagy ýatandyr.
A witamini saklaýan önümler: ysmanak, sitruslar (limon, apelsin), käşir, pomidor, erik, kelem, peýnir, ýumurtga, balygyň ýagy, bagyr.
***
D witamin ýetmezçiliginiň alamatlary:
⇒ Nerw ulgamynda üýtgeşmeler: gorkaklyk, çagalaryň biynjalyksyzlygy, ukyda tisginip turmaklyk ýaly ýagdaýlar;
⇒ Çagalarda kelle süňkleriniň yumşamagy, uly we kiçi beýnijigiň wagtynda bekemezligi, döş kapasasynyň görnüşiniň üýtgemegi (iglilik keseliniň alamatlary);
⇒ Derlegenligiň döremegi;
⇒ Myşsalaryň çeýeliginiň we işjeňliginiň peselmegi;
⇒ Çagalarda fiziki ösüşiň yza galmagy;
⇒ Dişleriň giç çykmaklygy.
D witamini saklaýan önümler: ýumurtganyň sarysy, petruşka, balyk we balyk ýagy, balyk işbili, peýnir, süýt we süýt önümleri, gaýmak.
***
E witamin (tokoferol) ýetmezçiliginiň alamatlary:
⇒ Täze doglan çagalarda dokumalaryň çişginliligi;
⇒ Allergiki kesellere bolan töwekgelçiligiň ýokarlanmagy;
⇒ Aýal maşgalalarda aýbaşy bozulmalary we önelgelilik bilen bagly kynçylyklar;
⇒ Erkek adamlarda önelgelilik bilen bagly kynçylyklar;
⇒ Myşsalaryň gowşaklygy.
Tokoferolyň ýetmezçiligi lipoproteinleriň emele gelmeleriniň bozulmalary bilen häsiýetlendirilýän nesil yzarlaýan kesellerde hem ýüze çykyp biler.
E witamini saklaýan önümler: badam, grek hozy, ösümlik ýaglary, alma we onuň çigidi, zeýtun, nohut.
***
K witaminiň (fitomenadion) ýetmezçiliginiň alamatlary: Gan öýmeleriň emele gelmeginiň we gan akmalaryň ýokarlanmagy, şol sanda täze doglan çagalarda gan ulgamynyň keselleriniň döremegi.
Witaminiň K1 görnüşi ýagda ereýan witaminlere degişli bolup, ýaşyl ösümliklerde duşýar. Suwda ereýän görnüşi bolan K2 (menadion) sintetik usul bilen alynýar.
K witamini saklaýan önümler: ysmanak, gyzyl kelem, soýa, ýaşyl reňkli miweler, şüle ýarmasy.
***
SUWDA EREÝÄN WITAMINLER
Witaminleriň B görnüşleri biri-biri bilen berk baglanşyklydyr. Bu topradan haýsyda bolsa bir görnüşiniň yok bolmagy, ähli biohimiki zynjyry bozup, bu toparyň ýetmezçiligine mahsus dürli alamatlary döredip biler.
B1 witaminiň (tiamin) ýetmezçiliginiň alamatlary:
⇒ Nerw ulgamynda üýtgeşmeler: nerw duýgurlygyň ýokarlanmagy, nerw süýümleriň alawlama ýagdaýlary, deňagramlylygyň bozulmagy, damar çekmeler;
⇒ Ýürek-damar ulgamynda üýtgeşmeler: arterial gan basyşyň peselmegi, ýürek urmalaryň çaltlaşmagy;
⇒ Endokrin mäzleriň işjeňliginiň peselmegi;
⇒ Agyz boşlugynyň guraklaşmagy, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň uzaga çekmegi;
⇒ Bu witaminiň ýetmezçiligine mahsus ganazlylyk;
⇒ Deriniň iriňli keselleriniň ýygy-ýygydan döremegi.
Tiamin ýetmezçiliginiň ýokarlanmagy, madda çalşygynyň bozulmagy bilen hem baglydyr.
B1 witamini saklaýan önümler: arassalanmadyk bürünç, şüle ýarmasy, gara çörek, bugdaý, hoz, süýt.
***
B2 (riboflawin) witaminiň ýetmezçiligi seýrek duş gelýär. Oňa mahsus alamatlar:
⇒ Gözüň birleşdiriji perdesiniň alawlama hadysalarynyň döremegi;
⇒ Ýagtylykdan gorkmak duygusy;
⇒ Görşüň ümezleşmegi;
⇒ Agzyň töwereginiň derisiniň guramagy we ýaryklaryň döremegi;
⇒ Artbujagyň töwereklerinde deri üýtgeşmeleriň ýüze çykmagy.
B2 witamini saklaýan önümler: ýumurtganyň sarysy, peýnir, bugdaý, noýba, bagyr.
***
B3 (nikotinamid) witamini, özüniň edýän täsiri boýunça, nikotin turşulygyna (PP witaminine) ýakyndyr. (ony başgaça "pellagrany duyduryjy" diýip hem atlandyrýarlar – italýan dilinden "pelle"-deri, "argo"-gelşiksiz)
Olaryň ýetmezçiliginde:
⇒ Deriniň zeperlenip, deriniň açyk ýerlerinde goňur-mele menekleriň yzygider köpelmegi ýüze çykýar;
⇒ Deriniň reňkiniň üýtgemekligi onuň guraklaşmagy bilen gabat gelip, gatlaklaýyn sypyrylmagy we deriniň çeýeliginiň gowşamaklygy bilen utgaşyp gelýär.
Şeýle hem, içegeleriň işjeňiliginiň bozulmagy, daşky gurşawa bolan gyzyklanmanyň peselmegi ýüze çykyp biler.
***
B5 witaminiň (pantoten turşulygy, pantotenat kalsiý) ýetmezçiliginde:
⇒ Saçlaryň ir düşmegi;
⇒ Wagtyndan öň saçlaryň agarmagy;
⇒ Elleriň gurşmagy, aýakda, elde damar çekilmeler;
⇒ Ýadyň we görşüň peselmegi;
⇒ Iç gatamalar ýaly alamatlar syn edilip bilner.
B5 witamini saklaýan önümler: bagyr, böwrek, towuk eti, bürünç, piwo drožy, kömelekler.
***
B6 witaminiň ýetmezçiligine mahsus alamatlar:
⇒ Nerw ulgamynyň işiniň bozulmagy: duýujylygyň yokarlanmagy, damar çekmeler, newritler (nerw süýmleriniň alawlama ýagdaýlary);
⇒ Deride emele gelmeler: agyz töwereklerinde ýaýryklar (heýlit), gözüň, burnuň töwereginde teňňe şekilli örgünler, diliň guraklygy, awuşamaklygy we alawlamanyň döremegi (glossit);
⇒ Gan azlylyk (mikrositar gan azlylyk).
B6 witamini saklaýan önümler: däneli ösümlikler, ýaşyl ýaprakly bakja önümleri, käşir, banan, grek hozy, balyk, mekge, süýt, sygyr eti, ýumurtganyň sarysy.
***
B8 witamini (biotin ýa-da witamin H) içege mikroflorasynyň kadaly ösmegi, köpelmegi üçin hökmany gereklidir. Bedende uglewod çalşygyny kadalaşdyrýar.
Biotiniň düzüminde saklanýan kükürt, saçlaryň ösüşini, deriniň, dyrnaklaryň kadaly ýagdaýyny gözegçilikde saklaýar. Şeýle hem bagyr işjeňligini sazlaýar.
B8 witamin saklaýan önümler: esasan öý haýwanlaryndan alynýan önümler-bagyr, böwrek, ýumurtga.
***
B12 witamin (sianokobalamin) ýetmezçiliginiň alamatlary:
⇒ Gan azlylyk (B12-foliý ýetmezçilikli gan azlylyk, Addisona-Birmeriň gan azlylygy);
⇒ Oňurga ýiliginde döreýän üýtgeşmeler;
⇒ Deride edil beýleki B topar witaminleriň ýetmezçiligine mahsus alamatlar ýüze çykýar;
⇒ Witaminiň içegelerde sorulmagynyň we onuň geçirilmeginiň bozulmalaryna dogabitdi näsazlyklar, dogabitdi megaloblast (Imerslund-Gresbeka) gan azlylygy hem getirip bilýär.
B12 witamin saklaýan önümler: deňiz kelemi, soýa önümleri, bagyr, guş etleri, balyk, sygyr eti, ýumurtga, böwrek, süýt.
B görnüşli witaminleriň gipowitaminozy gan azlylygyň ýokarlanmagy bilen bile utgaşyp, iýmit siňdiriş, limfa we nerw ulgamynyň zeperlemnegi bilen häsiýetlendirilýär.
Düwünçekde foliý turşylygynyň ýetmezçiligi akyl taýdan yza galaklygy, dogabitdi nerw ulgamynyň ysmazyny döredip biler.
***
B15 (kalsiý pangamat) bedeniň kislorod ýetmezçiligine bolan durnuklylygyny, bagryň zyýansyzlandyryjy wezipesini ýokarlandyrýar.
Köplenç uly adamlarda aterosklerozyň bejergisinde, bagryň alkogol zeperlenmelerinde, kortikosteroid we sulfanilamid serişdeleri bilen bejergi geçirlende ulanylýar.
***
P witaminiň (rutin) ýetmezçiliginde: deride kapillýar (iň ownuk gan damarlary) damarlaryň geçirijiliginiň yokarlanmagynyň hasabyna, gan öýmeler emele gelýär. C witamin ýetmezçiliginden tapawutlylykda, gan öýmeler kiçijik bolup, saçlaryň köklerinde bolýar.
***
C witaminiň (askorbin kislotasy) ýetmezçiliginiň alamatlary:
⇒ Damarlaryň portlugy: deride, deri astynda, myşsalarda köp mukdarda gan öýmeleriň döremegi;
⇒ Diş etlerinden, burundan gan akmalar;
⇒ Ir döreýän diş syrçasynyň çüýremegi;
⇒ Süňklerde agyry;
⇒ Gan azlylyk;
⇒ Ýokanç keselleri kabul edijiligiň yokarlanmagy.
C witaminiň awitaminozy "singa" ýa-da "skorbutom" diylip atlandyrylýar. Häzirki wagta bu kesel seýrek duş gelýär.
Çagalaryň ene süýdünden ir kesilen, şol bir görnüşli iýmitlenmelerinde Mellera-Barlowyň keseli ýüze çykyp, onuň esasy sebäbini C witamininiň ýetmezçiliginden gözlemelidir.
Singa gingiwiti (diş etleriniň alawlama hadysasy) iýmit-siňdiriş agzalaryň kesellerinde, dowamly iç geçmelerde we iýmiti düzýän maddalaryň gana sorulmagy bien bagly näsazlyklarda ýüze çykyp biler.
C witamin saklaýan önümler: sitrus önümleri, kiwi, gara smorodina, erik, alma, ak we gyzyl kelem, deňiz önümleri, gyzyl burç, bolgar burç.
***
AWITAMINOZYŇ BEJERGISI
Aýdylyp geçilişi ýaly, witaminler ýaşaýşymyzy gözegçilik edýän maddalar bolup, olaryň ýetmezçiliginiň öwezini doldurmak hökmany çare höküminde alnyp barylmalydyr.
Iýmitde witamin görnüşiniň ýetmezçiligini dikeltmeklik üçin biz ýene-de tebigy önümlere salgylanýarys. Mälim bolşy ýaly, gök-önümler, bakja ekinleri, öý haýwanlaryndan alynýan önümler witaminleriň baý çeşmesi bolup durýandyr. Olaryň islendik görnüşini iýmit bilen kabul etmeklik hökmandyr.
Häzirki döwürde bizde bu önümleriň gytçylygy duýlanok. Biziň dükanlarymyz we bazarlarymyz ýylyň islendik paslynda hem gök önümleridir, ir-iýmişleriň köpdürli görnüşini bize hödürleýär.
Şulardan başga-da, awitaminozyň bejergisinde lukmanyňyz haýsy witaminiň ýetmezçilik edýändigini kesgitlemelidir.
Bejergide B toparyň witaminlerini aýry-aýrylykda sanjym görnüşde ulanmakdan başga-da, olaryň utgaşmasyndan ýasalan ergin görnüşleri (Beko-5, witamed, neýrorubin we baş.) ulanylýar.
PP witamin ýetmezçiliginde – B3-nikotin turşylygy ýa-da nikotinamid bir gije-gündizde 25-100 mg. mukdarda, 3 hepdäniň dowamynda kabul edilýär.
C witamin ýetmezçiliginde – askorbin turşylygy ýa-da C witamini saklaýan başga dermanlar gerdejik ýa-da sanjym görnüşinde bellenilýär. D witamin ýetmezçiliginde – D witaminiň deride gün şöhlesiniň täsiri bilen emele gelýändigi göz öňüne alnyp, esasan günli günler çagalar bilen gezelenç etmek maslahat berilýär.
Şeýle hem, bu witaminiň artykmaç mukdarynyň zäherlenmä getirip biljekdigini göz öňüne tutup, bu witamini lukmanyň berk gözegçiligi bilen kabul edilmegini maslahat berip bolar.
K witaminiň ýetmezçiliginde – "wikasol" diýlip atlandyrylýan derman görnüşi bilen bejergi lukmanyň gözegçiliginde alnyp barylýar.
Häzirki wagtda, lukmançylykda witamin ýetmezçiligi bilen bagly geçýän ýagdaýlarda witaminleriň we minerallaryň düzümini saklaýan serişdeler (Elewit, Pregnawit, Supradin, Vitrum we baş.) hem ulanylýar.
Keseli bejermeden, esasy onuň öňüni alyş işlerini geçirmekligiň ýeňildigini bellemek ýerliklidir.
Dürli görnüşli iýmitleriň yzygiderli kabul edilmeginiň, witamin ýetmezçiliginiň öňüni alyp biljekdigine şübhe döretmeýär.
Witaminleriň yetmezçiliginiň öňüni almak üçin aşakdaky düzgünleri ýerine ýetirmelidir:
► Çagalaryň kabul edýän iýmit önümleriniň düzüminde ýeterlik derejede witaminleriň bolmagyny gazanmaly;
► Beden goşmaça witaminleri talap edýän halatlarynda, onuň ýeterlik derejede bolmagyny yola goýmaly: kesel ýagdaýda, okuw synaglaryň bolýan döwründe (akyl zähmeti witaminleriň köp mukdaryny talap edýär), derman serişdeleri kabul edilýän ýagdaýynda, göwrelilik we çaga emdirilýän döwür we ş. m.
► Ter we täze gök önümleri, ýylyň islendik paslynda biziň bazarlarmyzdan tapsa bolýar. Olary her gezek saçagyň başynda, iýmitiňiziň gapdaly bilen kabul ediň;
► Witamin ýetmezçilikleriň alamatlaryny duýup başlanyňyzdan, haýal etmän lukmana ýüz tutuň we degişli bejergini geçiriň.
- 17856 gezek okalan