Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PEÝDALY BAŞLANGYÇLAR WE KANUNÇYLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.17 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, şeýle-de saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäklerinde ygtyýarnamany (lisenziýa) almagy talap edýändir.

Bu ugurda işlemek üçin aşakdaky kanunçylyk namalaryndan ugur alynmalydyr:

► Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak barada" kanuny;

► Türkmenistanyň "Işleriň aýry görnüşlerine ygtyýarnama bermek barada" kanuny;

► Türkmenistanyň "Sertifikasiýa barada" kanuny;

► Türkmenistanyň "Dermanlar bilen üpjünçilik" kanuny;

► Türkmenistanyň "Neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we olaryň bikanun ýaýradylmagyna garşy durmak" kanuny

we beýleki kada-hukuk namalary.

Degişli kagyzlary resmileşdirmek we has anyk maglumatlary almak üçin size wekilçilik edýän edara-Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman senagaty Ministrligine ýüz tutmak wajypdyr.Onuň salgysy:744036;  Aşgabat şäheri,  Arçabil şaýoly 20; telefon/faks:400446, 400416, 400407, E-mail: This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it..

Ondan başga-da, siziň telekeçilik işi bilen meşgullanjakdygyňyz sebäpli, Türkmenistanyň "Kärhanalar barada" kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş Ministrliginde ýuridiki şahs höküminde hasaba alynmagyňyz hökmandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3009 gezek okalan