Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DÜZÜMINDE ÝOD SAKLAÝAN ÖNÜMLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

Hormatly okyjy!

Saglyk üçin şeýle wajyp bolan ýod bedende emele gelmeýär. Onuň diňe 90%-ni biz iýmit önümlerinden alyp bilýäris. Ýoduň ýeterlik mukdaryny deňizýaka sebitleriň ýaşaýjylary howadan alyp bilýärler, çünki ol ýerleriň howasy ýoda baýdyr. Bedende ýoduň ýeňil özleşmegi üçin A we E witaminleriniň, demir, sink, mis minerallarynyň we belogyň ýeterlik bolmagy wajypdyr.

Ýoda baý iýmit önümlerine aşakdakylar degişlidir:

► Deňiz önümleri, balyk;

► Süýt önümleri – gatyk, gaty peýnirler, gaýmak, süýt, dorog;

► Ýumurtga;

► Gök-önümler – ýaşyl salat, badam,turp, şugundyr, pomidor;

► Ir-iýmişler – üzüm, apelsin, alma, garaly, armyt, hurma, gara smorodina;

► Noýba, nohut;

► Däneliler – bugdaý, tüwi, ýarma, greçka.

Ýoduň öwezini dolmak üçin düzüminde ýod saklaýan derman serişdeleri (Ýodamarin, Ýodid, Kaliý ýod) hem ulanylýandyr. Bu serişdeler diňe lukmanyň maslahatyndan soň ulanylmalydyr, çünki ýoduň aşa artykmaçlygy hem beden üçin zyýanlydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1330 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. irada

yodyn asha kop mukdarda benende bolmagy nahili keseli yuze cgykaryar

 
  1. Jahan

Salam lukman l Men 23 yaşymda ýòne mende 3nij dereje zop màzi bar nàme maslahat berýàniz. Hayş jogabyñyza garaşyan

 
  1. Hemra

Sag bolun Lukman aga!

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location