Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DUZSYZ IÝMEGIŇ PEÝDASY WE ZYÝANY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.90 (20 Ses)

Hormatly okyjy!

Elbetde, nahar duzynyň aşa köp kabul edilmegi bedende suwuklygyň saklanyp çişginliligiň döremeginiň, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmalarynyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Şol sebäpli hem, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän näsaglara duzy çäklendirmek maslahat berilýändir.

Başga tarapdan bolsa, nahar duzy, has takygy natriý mineraly suw-mineral deňagramlylygyny saklap, beden öýjüklerinde bolup geçýän hadysalary sazlamaga işjeň gatnaşýandyr. Şonuň ýaly hem, ol kaliý mineralynyň alyş-çalşygyna gatnaşyp, bedende bolup geçýän biologiki hadysalaryň geçmegine möhüm täsirini ýetirýändir.

Şonuň üçin hem, hemme zatdada çäkliligiň möhüm bolşy ýaly, nahar duzynyň ulanylşynda hem kadany saklamak möhümdir. Nahar duzynyň bir gije-gündizde maslahat berilýän mukdary – 5 gramm.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5052 gezek okalan