Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SUW ÇILIMI PEÝDALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (15 Ses)

Köp adamlar suw çilimini saglyk üçin howpsuz hasaplaýarlar we oňa bolan öwrenişme döremeýär diýip pikir edýärler.
Onuň şeýle däldigini anyklamak üçin geliň sanlara ýüzleneliň. Ulanylýan ýörite temmäki nikotin saklaýandyr. 50 gramm bolan gutyda onuň 0,05% saklanýandyr. Bu bolsa 50 gr gutyda 25 mg nikotiniň bardygyny aňladýandyr. Bir guty bolsa 4 gezek ulanmaga ýetýändir. Görüp oturylsa, suw çilimine bir gezekde guýulýan temmäkide 6,25 mg nikotin saklanýan ekeni. Bir adaty çilimde bolsa bary-ýogy 0,8 mg nikotin saklanýandyr. Bu hasaplamalar suw çiliminde nikotiniň mukdarynyň 7,5 esse ýokarydygyny görkezýär.

Siz elbetde, suw çilimindäki süzgüçleriň peýdalylygy barada ýatladarsyňyz. Ýöne suwuň netijeli "süzüjilik" häsiýetleriniň ýoklugyny ýatlatmalydyr.

Görşümiz ýaly, suw çilimini çekýän adam nikotiniň köp mukdaryny kabul edýändir we onda ýuwaş-ýuwaşdan nikotina garaşly bolmak häsiýeti döräp bilýändir.

Ekspertleriň bellemegine görä, suw çilimi üçin ulanylýan temmäkiniň düzüminde adaty çilimiň düzümi bilen deňeşdirlende howply maddalaryň uly topary saklanýandyr. Meselem, benzapiren – howply çiş kesellerini (esasan hem öýken ragy) döredýän himiki madda bolup, bedende toplanma häsiýete eýedir. Nikotinden we benzapirenden başga hem, çilimkeşiň öýkenine agyr metallaryň duzlary we kömürturşy gazy hem düşýändir. Çilimkeşler her 15 minutdan artykmaç kömürturşy gazy ýörite klapanyň üsti bilen çykarmagy maslahat berýärler. Kömürturşy gazy, kisloroda garanyňda, gemoglobin bilen çalt birleşip, beýnide, ýürekde, bagyrda, böwreklerde, myşsalarda kislorod ýetmezçiligini döredýär. Statistikanyň görkezişi ýaly, adaty çilimkeşler hem, suw çilimini söýüjiler hem deň derejede dem alyş agzalaryň, ýürek-damar ulgamyny bozulmalaryndan we rak kesellerinde ejir çekýärler. Suw çiliminiň ýene bir ýaramaz tarapy, adamdan adama geçirilýän mundştugyň gepatit, inçekesel, uçuk ýaly ýokanç keselleri çalt ýaýratmaga mümkinçilik berýändigindedir.

Suw çilimi üçin ulanylýan temmäkiniň düzümindäki ýaramaz himiki maddalaryň mukdary öndürijilere bagly bolup, ol hemişe degerli barlagy geçýän däldir.

Suw çilimi çekilýän otag hem temmäki we kömrüň tüssesinden dolup, çilim çekmeýän başga adamlar üçin juda howply bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5323 gezek okalan