• Sorag-jogap
  • Umumy
  • ÖZÜNI GÖDEK WE ADAMKÄRÇILIKSIZ ALYP BARÝAN NÄSAGLAR BARADA

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÖZÜNI GÖDEK WE ADAMKÄRÇILIKSIZ ALYP BARÝAN NÄSAGLAR BARADA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Eger-de näsaga ölüm ýa-da saglygyna çynlakaý zeper ýetme howpy abanýan bolsa, lukman oňa saglygy goraýyş kömegini bermekden boýun gaçyryp bilmeýär. Eger näsag lukmanyň maslahatyna eýermese ýa-da bellenilen bejeriş tertibini bozsa we kömege mätäç däl bolsa, lukman näsagyň saglyk ýagdaýy üçin jogapkärçilik çekmeýär. Näsag bilen işlemekligi bes etmek üçin hassahananyň direktoryna ýazmaça arza üsti bilen ýüz tutmaklyk ýeterlikdir. Direktor hem öz gezeginde, lukmanyňam näsagyňam isleglerine hormat goýup meseläni çözmäge we näsaga kanunyň 61-nji maddasynyň 1-3-nji bentlerinde güwä geçilişi ýaly, lukmany ýa-da saglygy goraýyş edarasyny çalyşmaga hukugynyň bardygyny düşündirmäge borçludyr.

Professional borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmeýän lukmançylyk işgärine Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 122-nji maddasynda bellenilen şertlere görä, bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip bilinýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3231 gezek okalan