Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

OKYJYDAN: BIZIŇ HAJATHANA ÝAGDAÝYMYZ

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (12 Ses)

bizin hajathanamyzÝUNISEF (UNICEF) halkara guramasynyň hasabatyna görä, dünýäniň ilatynyň üçden bir bölegi, ýagny 2,4 milliarddan gowrak adam hajatyny arassa hajathanada kanagatlandyryp bilmeýär – ýa olaryň öýünde hajathana ýok ýa-da hajathanalary arassaçylyk standartlaryna laýyk gurulmadyk.

Meniň ýaşaýan we işleýän şäherim hem şol sana girýärmikä diýýärin. Anyk mysallarda aýtsam:

▶ Şäherimizde sanitariýa infrastrukturasy, şol sanda lagym (kanalizasiýa) ulgamy talabalaýyk gurnalmadyk. Her jaý hajathanasyny özi gurdurýar we ony wagtly-wagtynda ýörite hajathana taşlandylaryny äkidýän ulaga kireý berip boşadyp durýar.

▶ Şäherimizde iş binalarynda hajathanalar ýok. Käbir hajathanalary bar bolan iş merkezlerindäki hajathanalaryň bolsa lagym ulgamy ýok. Netijede ýakymsyz ysly taşlandylar akyp gitmän, toplanyp durýarlar. Mejbury ýagdaýda şol hajathanalara 50 teňňe töläp girmeli bolýar. Olaryň içinde bolsa ne arassaçylyk serişdeleri bar ne-de bol suw. Iň bärkisi, eliňi ýuwmaga hem şertler ýok.

▶ Dükanlaryň, toý zallarynyň, restoranlaryň, kafeleriň köpüsiniň arka tarapyndan ýörär ýaly däl. Arassa hajathanalaryň elýeter däldigi zerarly, adamlar gijesine binalaryň arkasynda bukulyp hajatlaryny kanagatlandyrýarlar.

▶ Dünýäde üç mekdepden birinde hajathana ýok we 900 million mekdep okuwçysy gerekli şertleriň ýokdugy sebäpli, hajathanadan soňra ellerini ýuwup bilmeýärler. Gynansakda, biziň mekdeplerimiziň hem aglabasy şolaryň içine girýär.

▶ Gyşyna sowuk, hapa howanyň aşakdan gelip durmagy, elbetde, hemme adamyň, ylaýta-da aýal maşgalanyň bölüp çykaryş agzalarynyň saglygyna howp salýar.

▶ Iň erbedi hem, banýalardan, hajathanalardan çykýan hapa suwlar üsti açyk kanallara, joýalara akdyrylýar. Ösüp barýan ýurtlarda ähli keselleriň 80% hapalanan agyz suwy zerarlydyr. Oba ýerlerinde ýaşaýan adamlar üsti açyk kanallardan suw içýärler. Şäheriň üsti açyk giň kanallaryna akdyrylýan hapalaryň howanyň üsti bilen ýa-da gönüden-göni şol agyz suwy edip içilýän kanallara barma howpy bar.

Meniň şäherim arassa hajathanalary, arassa daşky gurşawy we sagdyn ilaty gazanmak üçin nämeler edip biler?

↪ Hajathanalardan, banýalardan çykýan hapa suwlar lagym ulgamynyň turbalaryna ýa-da üsti örtülen beton çukurlara akyp gider ýaly edilmeli. Soňra hem ýörite çukurlara akdyrylyp, zyýansyzlandyrylmaly.

↪ Her bir mekdebi talabalaýyk hajathanalar we gerekli arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmeli.

↪ Ýaşaýyş, iş, dynç-alyş, söwda merkezlerinde we beýleki köpçülik ýerlerinde içinde gigiýena serişdeleri bar bolan hajathanalaryň gurulmagyny gazanmaly.

↪ Hajathanalaryň arassaçylygyna gözegçilik edýän toparlar döredilmeli. Hajathana arassaçylygy we daşky-gurşaw barada mekdeplerde we dürli mediýa ulgamlarynda gürrüňdeşlikler geçirmeli. Baýrakly ýaryşlar arkaly hem köpçüligiň ünsüni çekip bolar.

Patma, okyjy.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

  • 761 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

men hem birnäçe hajathana gördüm käbirlerinde bolsa pully olaryň içi puluňa hem degmeýär şonuň üçin hem işçi topar döretsek has hem gowy bolar.

Merjen Ý
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Menň hem pikrime görä hajathana arassalaýjy işçi topar döretmeli we aýlyk haky tölenmeli şeýle etsek hajathanalar arassa bolar

Merjen Ý
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sag bol patma gaty gowy makala?

babamyrat
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hajathanalara gozegicilik etyan topar doretmek ucin, iscilere aylyk berer yaly dowletin bujetinden pul gerek bolyar, gynansak bizin yurdumyzda munyaly toparlary doretmane derek isci orunlar kemeldilyar.

Hajat aga
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Obada tomsuň güni dagy yssa bir ýanyňdan, çala şemal öwüsse hajathananyň ysyndan ýaňa dem alar ýaly däl.

obaly
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Teatr weşilkadan başlanýar diýen jümle bar welin baran ýeriň arassaçylygynyň görkezijisi hajathananyň arassaçylygyndan başlanýar diýseň boljak.Hemmesi dogry bellikler. Ýaşaýan döwletiň içinde uzak ýola gitseň dagy şeýle bir kösenilýär, diýip...

Teatr weşilkadan başlanýar diýen jümle bar welin baran ýeriň arassaçylygynyň görkezijisi hajathananyň arassaçylygyndan başlanýar diýseň boljak.Hemmesi dogry bellikler. Ýaşaýan döwletiň içinde uzak ýola gitseň dagy şeýle bir kösenilýär, diýip aýdar ýaly däl. Welaýatlaryň ýollarynda garbanar ýaly, hajathanaly gowy düşelgeler etmäge ýagdaýymyz ýokmyka...

Dowamy
Gezermen
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Patma! Sagbol gaty gowy makala yazypsyn turkmenistanda hajathana hakda kan pikirlenyanem yok men obaly oba adamlarynyn 100 de 1 nde hajathana talaba laykyrak obalara gelenizde goryansiniz makalany mena goldayan sps

jerik
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location