Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
BIZDE TRANSPLANTASIÝA EDILÝÄRMI?
Hormatly okyjy!
Transplantasiýa – janly, öz işini ýerine ýetirmäge ukyply beden öýjüklerini, dokumany ýa-da agzany bir bedenden alyp, soňundan şol bedeniň başga ýerine ýa-da başga bedene oturtmakdyr. Agzany berýän adam-donor, alýan adam bolsa-resipiýent diýip atlandyrylýar. Transplantat (alynýan dokuma ýa-da agza) adamyň öz bedeninden ýa-da başga adamdan alynýar. Seýrek halatlarda ol başga biologiki görnüşden (meselem, doňuzdan) hem alnyp bilinýär.Gen toplumy boýunça meňzeş bolan ekizleriň birinden transplantat alnyp, beýleki taýyna hem oturdylyp bilinýändir.
Transplantologiýa – transplantasiýa degişli hemme soraglary öwrenýän ylymdyr.
"Raýatlaryň saglygyny goramak" 23.05.2015ý.st 54 böl.2 par 6 Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, adam bedeniniň dokumasynyň we agzasynyň transplantasiýasy baradaky soraga bejeriş edarasynyň ýolbaşçysyndan we ýokary tejribeli lukmanlardan ybarat lukmanlaryň maslahat beriş toparynda seredilýär. Beden agzalaryň transplantasiýasy diňe janly donoryň we düzgün bolşy ýaly näsagyň razyçylygy bilen geçirilýär.
Bu sorag boýunça anyk maglumatlary S. Niýazow adyndaky Maslahat beriş we Bejeriş merkezinden (Oguzhan köç, 11-nji jaý, tel: 438527) alyp bilersiňiz.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 2894 gezek okalan