Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENÇE-RUSÇA (IŇLISÇE) SÖZLÜK BARMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.32 (69 Ses)

Hormatly okyjy!

Gynansak-da, häzirki wagtda türkmen dilinde lukmançylyk sözlükleriniň elektron görnüşleri ýok. Biz gelejekde şeýle sözlükler dörediler diýip umyt edýäris. Türkmen dilinde kitap görnüşinde şu lukmançylyk sözlükleri bar:

  1. Medisina terminleriniň rusça-latynça-türkmençe sözlügi, Aşgabat, 2000 ý. (Bu sözlügi Türkmenistanyň kitaphanalaryndan tapyp bolar).
  2. Üç dilli lukmançylyk sözlügi, Aşgabat, TDKP neşirýaty, 2005 ý. (Bu sözlük Parahatçylyk Korpusynyň meýletinleriniň gatnaşmagynda düzüldi.
  3. Şeýle hem Parahatçylyk Korpusynyň gatnaşmagynda "Dermanlaryň Gözükdirijileri Goşmaça" atly kitapça çap edildi.

Saýtyň lukmany.

  • 14156 gezek okalan