Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IMMUNITETI NÄDIP ÝOKARLANDYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Immun ulgamyny güýçlendirmek çärelerini geçirmek belli bir wagty, Siziň ýaşaýyş düzgüniňiziň üýtgemegini talap edýändir. Sizde bar bolan, wagtynda bejerilmedik dowamly keseller (gan azlylyk), ýaramaz endikler, iýmitlenmäniň käbir aýratynlyklary, Siziň daşky gurşawyňyzyň ýaramaz täsirleri Siziň immun ulgamyňyzy tapdan düşürip biler.

Immunitetiňizi ýokarlandyrmagy özüňize maksat edinen bolsaňyz, Size birnäçe maslahatlary bermekligi rugsat ediň: 

  • Lukmanyň gözegçiligi bilen ganazlygyň görnüşini anyklap, bejergi tapgyryny geçiriň. (demir saklaýan gerdejikler, sanjymlar, ýörite berhiz) 
  • Iýýän önümiňiziň we içýän suwuňyzyň hiline üns beriň. Täze, tebigy, genetiki özgerdilmedik önümlerden nahar taýynlaň. Öýlerde akýan suwy arassalamak üçin 2 we 3 basgançakly suwarassalaýjylardan peýdalanyň.  
  • Kabul edýän önümiňiz dürli-dürli bolup, ol täze ir-iýmişlerden, ter gök önümlerden, ýokary hilli et we süýt önümlerinden, balykdan düzülen bolmalydyr. Içegäniň (şu agzada hem immuniteti ýokarlandyrýan biologiki maddalar işläp çykarylýar) kadaly işlemegi üçin turşadylan süýt önümlerini (gatyk, ýogurt, peýnir) kabul ediň. Wagtly-wagtynda iýmitleniň. 
  • Gije-gündizde 8 sagatdan az bolmadyk wagt ýatyp, ukyňyzy almaga çalşyň. 
  • Özüňize zor salmazdan, hepdede 2-3 gezek fiziki maşklary ýerine ýetiriň. Kim irki maşklary etmekden lezzet alsa, başga birleri ylgamakdan, gündogar sagaldyş amallaryndan (aýkido, sigun), ýogadan peýda tapýar.  
  • Bedeniňizi sowugyň kadaly täsirine öwrenişdirip, taplaň. Taplamany ýuwaş-ýuwaşdan geçirip, onuň üçin bedreden üstüňize sowuk suw guýup, sowuk we ýyly duşy gezekli-gezegine ulanma ýaly çäreleri geçirip bolar.
  • Alkogol içgileri kabul etmekden, çilim çekmekden gaça duruň. Alkogol içgilerinden gyzyl şeraby az mukdarda kabul etmek bolýandyr. 
  • Ehinaseýa (immunal), ary öýjükleri (propolis) ýaly immuniteti gurplandyryjy serişdeleri kabul ediň. 
  • Özüňizi durmuşda köp duş gelýän ruhy dartgynlylyk ýagdaýlaryndan goraň. Durmuşyňyza peýdaly duýgulary ornaşdyryň: dostlaryňyz bilen gatnaşyň, teatrlara, kino gidiň, öz isleýän işiňiz bilen meşgullanyň. Şähdaçyk adamlaryň seýrek keseleýädigini alymlar bireýýäm subut etdiler.

Saglyk arzuwlary bilen, Lukman.
 

  • 5111 gezek okalan