Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZYL MEÝ DIÝLIP NÄMÄ AÝDYLÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

Hormatly Şatlyk!

Türkmen dilinde wino içgisini "meý, şerap, çakyr" diýip atlandyrýarlar. Ýasalyş tehnologiýasyna baglylykda onuň gyzyl, ak, gury, ýarymgury, süýjüli, az süýjülikli görnüşlerini tapawutlandyrýarlar. Şerabyň saglyga edýän täsiri entek doly öwrenilen däldir. Geçirilen köpsanly barlaglar şerabyň (şol sanda gyzyl şerap hem) kadaly mukdarda kabul edilmegi ýüregiň infarktynyň döreme töwekgelçiligini peseldýändigini görkezdi. Bu ýagdaý, şerabyň gany "peýdasyz" holesterinden arassalap, damarlaryň diwarynda ýygnanmagynyň öňüni alýandygy bilen düşündirilýär. Alymlaryň köpüsi şerabyň peýdaly häsiýetlerini onuň düzüminde saklanýan biologiki işjeň maddalar bilen baglanyşdyrýarlar. Olara flawonoidler, kwersetin, resweratrol degişlidir. Barlaglaryň görkezişi ýaly, resweratrol nerw öýjükleriniň dargamagynyň öňüni alýanlygy üçin, antioksidant käbir nerw kesellerini bejermekde peýdaly bolup biler. Ondan başga-da, şerapda bar bolan tanin hem adam saglygy üçin örän peýdaly maddadyr.

Agzalan antioksidantlar dişiň we diş etiniň keselleriniň öňüni almaga hem ýardam berýärler. Şerabyň peýdaly häsiýetlerini bilmek, ony kadasyz, yzygider, gözegçiliksiz kabul etmäge esas berýän däldir.

Her niçik hem bolsa, şerap alkogol içgileriniň hataryna girip, ony köp kabul etme arakhorluk keseliniň döremegine, beýnä gan inme ýagdaýyna, bagryň we iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerine getirip biljekdigini ýatdan çykarmaň. Peýdaly häsiýetlerine garamazdan, köp ýagdaýlarda bolşy ýaly, şerap içmede hem çäkliligi saklama peýdalydyr.

Hormat bilen, Lukman.

  • 3243 gezek okalan