LEÝKOZ KESELI ÝOKANÇLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Leýkoz  keseli ýokanç keseli bolman, ol süňk ýiligini zeperlendirýän gan ulgamynyň köpsanly täze döremelerini birleşdirýän düşünjedir. Keseliň döremegine genetiki töwekgelçilik, himiki serişdeleriň täsiri, radiasiýanyň täsiri ýaly faktorlar sebäp bolup biler.

Leýkoz  keseli bilen kesellän näsagyň ganynda trombositleriň peselmegi ganyň lagtalanma ukybyny peseldip, derasty gan ýygnanmalara, içki agzalardan, şonuň ýaly hem ýatgydan gan akmalaryň döremegine sebäp bolup biler.

Gan akmalar keseliň geçiş tapgyrynyň alamaty bolman, esasan keseliň görnüşini häsiýetlendirýän ýagdaý bolup biler. Ýiti promiýelositar leýkozy köplenç gan akmalar we ganyň lagtalanmasynyň peselmegi bilen geçýändir. Keseliň görnüşini ganyň we süňk yiligini punktirleme barlagyndan soň diňe gematolog-onkolog lukmany kesgitläp bilýändir.

Işdäsizlik köp keselleriň (nerw ýa-da/hem iýmit  siňdiriş ulgamlarynyň keselleri we beýlekiler) alamaty bolup biler. Eger lukman tarapyndan belli bir sebäp anyklanylmadyk bolsa, witamin toplumunyň gerdejikleri, käbir biologiki işjeň goşundylar, tebigy serişdelerden taýýarlanylan dermanlar işdäni açmak üçin ulanylyp bilner. Ýöne bu dermanlary (esasan hem bilogiki işjeň goşundyrlary) kabul etmezden öň lukmanyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1707 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location