Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝAŞAÝYŞ SORAGLARY WE RUHY TAÝDAN ÇEKÝÄN JEBIRLERIM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýaşaýşyň manysy, özümiziň ondaky ornumyz ýa-da ýaşaýşyň pelsepeli soraglarynyň ençemesi hem islendik pikir ýöredýän adamyny pikirlenmäge mejbur edip biler.

Bedeni sagdyn, ýöne içki dünýäsinde gapma-garşylyklar bolan adam hemişe pikirde bolup, dogry çözgüt tapmagyň gözleginde bolup biler. Dogry ýol, çözgüt tapyp bilmezlik, elbetde, ruhy çökgünlilige, hemme zatdan eliň sowamagyna hem getirip biler. Siziň içki dünýäňiziň hemişe "goh-galmagalda" bolmagynyň bir sebäbiniň bolup biljekdigi barada pikir etmediňizmi? Belki, Siz öz öňüňizde goýýan meseleleriňizi çözmekde kynçylyk görýänsiňiz? Jemgyýetde öz ornuňyzy tapmakda kynçylyk çekýänsiňiz? Ýa-da Sizi gurşap alýan sosial gurşaw bilen (işdeşler, dost-ýarlar, söýgüli gyzyňyz) düşünişmezlik ýüze çykýandyr?

Adamynyň saglygy onuň fiziki, ruhy saglygynyň görkezijilerine we sosial (jemgyýetdäki) gurşawda tutýan ornuna juda bagly bolup, olar biri-birine täsir edip bilýändirler. Belki-de, "akyl ýetirip bolmajak nämälimlikler" barada pikirlenip, kelle döwüp oturmagyň geregi ýokdur?! Dünýä akyl ýetirmek, ýaşaýşyň manysyna düşünmek Size durmuşyň dürli basgançaklaryny geçensoňyz, belki-de başardar. Onuň üçin Siz özüňize berlen durmuşy hyýal edişiňiz ýaly tapgyrlaýyn, öz ýoluňyz bilen geçmelisiňiz. Bu ýolda Size Siziň maşgalaňyz, ýakyn, çyn dostuňyz, gowy görýän işiňiz, söýgüli ýaryňyz, eziz görýän çagalaryňyz, edýän arzuwlaryňyza ymtylmalaryňyz uly goltgy we hemaýatçy bolup biler.

Bir gün bilen ýaşaň. Şol ýaşan günüňiziň manysynyň, onda eden hereketleriňiziň ertirki güni gurjakdygyny unutmaň. T. Karleýliň aýdyşy ýaly, "Biziň ýaşaýşymyzyň düýp manysy bizden daşlaşan we dumana gaplanan zatlary görmäge ymtylmak däl-de, elimiziň aşagyndaky zatlaryň üstünde zähmet çekip, olary öwrenmekdir".

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2399 gezek okalan

Teswirler (5)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Şirin.

Gyrmyzynyň tesbirinde T. Karleýiň sözüni goldap ýazanyny dogry hasaplaýaryn. Geçeni geçdi bilip, şu gün bilen ýaşap bilmek köplere başardyp hem duranok. Ony başarmak optimistlere mahsus.

 
  1. Nury.

Fiziki taýdan sagdyn maşgalada agzybirlik saklaýan, töwerek daşyndaky adamlar bilen duýgudaşlykda bolýan adamda hiç wagt göwnüçökgünlik bolmaz.

 
  1. Kölli

Epesli ýaşanyňdan soň bir gün bilen ýaşamak kän bir aňsat hem düşmeýär. Geçen oňat günleriň we üstünlikleriň ýatdan çykmaýar. Öňki bilen soňkyny deňeşdireniňde nämälimlikleň käwagt göwnüçäkginlige hem sezewar edýär.

 
  1. Çary.

Hormatly saýtyň okyjysy! Siziň beren soragyňyz örän hoşyma geldi. Seniň ýürekden aýdýan pikirleriňi<br /> seljermek üçin haýp sen näçe ýaşandygyňy ýazmansyň. Sebäbi her bir ýaşda adamyň özüne we durmuşa bolan pikiri üýtgeýär.

 
  1. Gyrmyzy.

Gaty dogry aýdypdyr T. Karleý. Käbirimiz geçeni ýatlap, şol günler bilen ýaşaýar. Ahmyr edýär. Şu günki zatlary bolşy ýaly kabul edip, onuň çözgüdini tapmaga ýaýdanýarlar. Bu ýagdaý hem şol adamyň ýetmezçiligi.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location