Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ELEKTRIK TOGY ADAMA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR WE OŇA ILKINJI KÖMEGI NÄDIP BERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.20 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Elektrik togy adamynyň bedeninden geçende, dokumalaryny gyzdyryp, elektrik ýanyklarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Tok beden myşsalarynyň agyryly gysylmalaryny döredip, şonuň ýaly-da dem almanyň keslimegine we ýüregiň durmagyna getirip biler. Adamyny elektrik togy uran ýagdaýynda, ilkinji kömek pajygaly ýagdaý dörän ýerinde haýal etmän berilmelidir. Öz howpsuzlygyňyzy ýatdan çykarmazdan, adamyny toguň täsirinden aýryň: elektrik enjamynyň çarşagyny tok çeşmesinden aýryň.

Ägä boluň: toguň gelmesi kesilýänçä, Siz hem heläk bolana galtaşanyňyzda tok urma howpuna sezewar bolup bilersiňiz. Bu ýagdaýda izolirleýän serişdelerden peýdalanyň: açyk tok simini rezin ellikleri, agaç çybygy, ýa-da haýsydyr bir taýak bilen adamdan aýyrjak boluň. Demirden ýasalan we öllenen serişdelerden peýdalanmakdan saklanyň. Şol bir wagtyň özünde heläk bolan adama hem-de suw we gaz geçiriji turbalara, ýyladyjy peçlere (batareýalar) degmekden gaça duruň. Eger heläk bolan huşuny ýitirmedik bolsa, oňa göwünlik berip, ýyly çaý beriň, pişik dyrnak (walerýana) ýa-da başga rahatlandyryjy serişdeleri içiriň.

Toguň täsiri bilen ýanyklar emele gelen bolsa, üstüni arassa daňybilen ýapyň. Onuň üstüne buz goýmak hem maslahat berilýär. Heläkbolany tizden-tiz keselhana äkidiň.

Eger adam huşsuz bolsa, onuň dem alyp, ýüreginiň işleýänligine göz ýetiriň. Adamynyň ýürek urmasy we dem almasy kesilen bolsa, "Tiz kömek" ýetip gelýänçä, haýal etmän janlandyryjy (reanimasion) çäreleri-emeli dem berişi we ýüregiň göni däl owkalamasyny geçirip başlaň (Bu reanimasion çäreleriň geçiriliş tehnikasy barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Dem alşyň we gan aýlanyşygyň duýdansyz kesilen ýagdaýynda berilmeli ilkinji kömegiň aýratynlyklary" atly makaladan okap bilersiňiz). Eger elektrik şikeslenmesinden soň, adam dem alyp, ýöne özüne gelmeýän bolsa, ony arkanlygyna ýatyryň hem-de ony aýaklaryndan biraz galdyryň. Gysýan eşiklerini açyp, burnuna naşatyr spirtine öllenen pamygy ýakynladyň. Heläk bolan özüne gelen badyna oňa islendik suwuklygy içiriň (ýöne alkogol içgileri bermek bolmaýar) we rahatlandyryjy serişdeleri beriň. "Tiz kömek" ýetip gelýänçä, ony gözegçiliksiz goýmaň we zerur bolan reanimasion çäreleri geçirmäge taýyn boluň.

Hormat bilen, Lukman.

  • 2877 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Mekan

okey

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location