Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ERKEGIŇ TOHUM SUWUKLYGY WE KOSMETIKA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Parfýumeriýa senagatynda döli saklaýan ýa-da dölüň işlenilmegi netijesinde alnan serişdeler giňden we örän üstünlikli ulanylýandyr. Ýöne başlangyç serişde hökmünde erkek adamyň döli däl-de, öküziň döli ulanylýar. Belli bolşy ýaly, döl jynsy mäzleriň işläp çykarýan suwuklyklaryndan we fermentlerden ybaratdyr. Bu tebigy serişde fruktoza, kalsiý, natriý, kaliý, sink, fosfat minerallaryna baýdyr. Ondan başga-da, onda limon turşulygy we ýokary täsirli fibrogenazin we fibrolizin fermentleri saklanyp, olar deriniň düzlenmegine we ýaşarmagyna ýardam berýändir. Elbetde, gürrüň kremleriň we losýonlaryň düzümindäki işlenilen döl barada gidýändir.

Kosmetologlar "janly" döli ulanmagyň has peýdalydygyny belleýärler. Arassa görnüşde ulanylan dölüň, guranda deriniň çekilmegine getirýänligi sebäpli, ony wazelin ýa-da başga ýönekeý krem bilen gatyşdyrmak dogry bolar. Arassa döl düwürtikli derini bejermek üçin hem peýdaly bolup biler. Ýöne bir möhüm maglumaty bellemek ýerlikli bolar. Soňky barlaglaryň görkezişi ýaly, düzüminde döli saklaýan kremleri we ýapgylary ýaş gyzlara ulanmak bolmaýar. Onuň hem sebäbi, ýaş gyzlarda dölüň deriniň üstki gatlagyny ýukaldyp, "ýetginjekleriň düwürtik keseliniň" ýüze çykarma ähtimallygynyň barlygyndadyr.

Görşümiz ýaly, bu ýerde garaşylýandan ters netije alyp bileris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5916 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. guyz

Yaz howasy

 
  1. Merdan

Lukmanlardan sorajak zadym...oglan 16-17 yašda ilkinji jynsy gatnašyklary gečirse onun zayany bolup bilermi...

 
  1. Ayperi

Salam hormatly lukman! Menin yuzume duwurtik cykdy aybasydandyr oytdim yone ol beyle dal eken sebabini we bir caresini aydayynda

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location