Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZLAR NÄME ÜÇIN ŞEÝLE BOLÝARLAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.61 (23 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýal-gyzlaryň hemişe döwrebap geýinmäge çalşyp, döwrüň modasyna eýerýänligini unutmaň. Bu asyrlar boýy hem şeýle bolupdyr. Ýöne bu gözel bolmak ugrundaky islegleriň aňyrsynda näme ýatyr: döwrüň üýtgemegimi ýa-da gyzlaryň seksuallygynyň artmagy?

Bu soraga jogap bermek üçin geliň tebigata ýüzleneliň. Tebigatda haýwanlaryň urkaçysy (gyzlar meni şeýle meňzetmäm üçin bagyşlasynlar) köpelme döwri gelende öz durkuny täzeleýär: ýylanlar gowuny, guşlar ýeleklerini, haýwanlar tüýüni çalyşýarlar, olaryň çykarýan sesi, bedeniniň ysy (feramonlar) hem üýtgäp, erkek görnüşiniň ünsüni çekmäge gönükdirilen bolýandyr. Olar şeýle hereketler bilen özüne mynasyp taý gözläp, nesil dowam etmek (köpelmek) işini amala aşyrýarlar. Ewolýusiýa netijesinde adam has öňe gidip, jemgyýetçilik kada-düzgünlerine laýyklykda ýaşamaga endik eden hem bolsa, onuň hem tebigatyň "önümidigini" ýatdan çykarmaly däldir.

Aýal-gyzlaryň özüne timar berip geýinmeginiň esasy maksady hem, garşydaş jynsa gowy  görünmegiň synanyşygydyr. Hatda iň agras gyz, öz öňünde boýun almasa hem, şu maksat üçin geýinmäge we ýüzüni timarlamaga çalyşýar.

Jemgyýetdäki ahlaklylyk düzgünleri bolsa, aýalyň we erkegiň seksual isleglerini bir kada çäklerinde saklamaga kömek edýändir. Bu bizi jandarlardan tapawutlandyrýan häsiýetleriň biri bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 10823 gezek okalan