Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MUMYÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Mumyýa, düzgün bolşy ýaly, belli bir howa şertlerinde, uly dag sepgitlerinde ösümlikleriň we haýwanlaryň galyndysyndan emele gelýän tebigy önümdir.

Arassalanmadyk, tebigy mumyýa  özünde ösümlik, mineral, haýwanlaryň (tohumlary, gum, süňk, agaç gabyklary, ýüň, çäge, dag magdanlarynyň ownuk bölekleri, haýwanlaryň guran bölekleri) galyndysyny saklaýan, goýy goňur ýa-da goňrumtyl-garamtyl şepbeşik görnüşli maddadyr.

Içindäki garyndylaryň adam saglygy üçin zyýanlydygy sebäpli tebigy mumyýany peýdalanmak howpludyr.

Ýörite tehniki işlenmelerden soň arassalanan mumyýany alýarlar. Mumyýanyň biohimiki düzümini aminoturşulyklar, ýag turşulyklary, fosfolipidler, organiki turşulyklar, efir ýaglary, şepbeşik maddalar, alkoloidler, fermentler, terpenoidler, karotinoidler, flawonoidler, steroid maddalar, B toparyň hem-de C, E witaminler, 60-a golaý minerallar düzýändir.

Düzümine baglylykda, mumyýanyň immun ulgamyny tijendiriji, ýaralary bitiriji, ýokançlyklara garşy, wiruslara garşy durma, zähersizlendiriji, agyrsyzlandyryjy, buşukdyryjy, öt çykaryjy, ganyň lagtalanmasyny peseldiji häsiýeti bellidir.

Öz häsiýetnamasyna baglylykda mumyýany has hem giňden hereketlendiriş ulgamyň şikeslenmelerinde, deri kesellerinde, iýmit siňdiriş ulgamyň kesellerinde, gan azlylykda gerdejik görnüşde ulanýandyrlar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3297 gezek okalan