Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HAMAMLARDAKY BUGLAR ADAM ÜÇIN ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Hammamlarda we saunalarda ulanylýan bug hakykatdan hem bedene peýdaly täsir edýär.

Buguň ýokary temperaturasy bedeni taplaýar, suw we duz çalşygyny kadalaşdyrýar. Deri ýagdan , hapa örtükden arassalanýar, bedende madda çalşygynyň galyndylary, zäherler çykýarlar. Buguň täsiri nerw dartgynlylygyny aradan aýyrýar, artykmaç beden agramlylygyndan dynmaga kömek edýär.

Buguň täsirini dogry ulanmak üçin hammamlarda, has hem saunada belli düzgünleri berjaý etmek wajypdyr. Bejeriş netijeliligini gazanmak üçin saunanyň temperaturasy 80-100 C⁰, howasynyň çyglylygy 25%-e deň bolmalydyr. Bugly otaga girmezden öň, kelläni hökman süpürgiç ýa-da şapka bilen örtmeli, arassa derini gowy süpürmeli. Bugly otaga 10 min dowamlylykda 3 gezek girme tertibi maslahat berilýär. Saunadan der bilen ýitirilen suwuklygyň öwezini dolmak hökmany düzgün bolup durýandyr.

Gury buguň bejeriş täsirini ýeňil we orta derejeli ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden, peşew çykaryş ulgamynyň sowuklama kesellerinden, aşa ýygy dümewlemeden ejir çekýän adamlara peýdaly bolup biler.

Saunadaky we hammamlardaky buguň täsiri 12 ýaşa çenli çagalara, serhoş ýagdaýdaky adamlara, inçekesel, süýji keseli, ýokary gan basyşdan, böwregiň daş keselinden, ateroskleroz, dem alyş ýollaryň dowamly kesellerinden, nerw ulgamynyň agyr bozulmalaryndan ejir çekýän adamlara zyýanly bolup biler.

Buguň täsiriniň peýdalylygy ýa-da zyýanlylygy babatda şübhe dörän halatlarynda lukman bilen maslahatlaşmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3157 gezek okalan