Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KALÝANYŇ ZYÝANY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda suw çilimini (kalýan) ulanma has hem ýörgünli boldy. Hindistanda oýlanyp tapylan suw çilimi, sorulyp alynýan tüssäni sowadýan hem-de çyglandyrýan, çilim çekmek üçin niýetlenen enjamdyr. Suw çiliminiň muşdaklary, onuň çilme garanyňda howpsuzlygyny nygtaýarlar.

Ýöne bu hakykatdan hem şeýlemikä?

Çilim belli bir standartlara görä öndürilip, onuň zyýanlylygyna gözegçilik etme ýeňil bolsa, suw çilimini ýasamakda belli bir görkezilen kadalar ýokdur. Onuň tüssesiniň zyýanlylygyna köp faktorlar täsir edňändir: temmäki garyndysynyň görnüşi we hili (öndürijä baglylykda temmäkiniň düzümindäki şepbikler hem-de nikotiniň görkezijileri üýtgäp bilýändir), temmäkiniň ýanma temperaturasy (oňa gözegçilik etme kyndyr), suw çiliminiň dogry "doldurylyşy" (temmäkini doldurma, gaba guýlan suwuň mukdary), ýakylýan kömrüň hili (seitraly we madneziýaly çalt ýanýan kömür agaç kömründen zyýanlydyr).

Suw çiliminiň düzüminde nikotiniň we şepbikleriň mukdary, çilime garanyňda az mukdarda saklanýan hem bolsa, zyýanly maddalaryň azlygy, kömürturşy   gazyň ýokary mukdary bilen "deňagramlylykda" saklanýandyr. Adam çilimi birnäçe minutdakip gutarýan bolsa, suw çilimi şagalaň ýerlerde bir we ondan hem köp sagat çekilýändir. Bu wagtyň dowamynda adam kömürturşy gazyň köp mukdaryny öňkene sorup alyp, baş aýlanma, ýörek bulanma, demiň gysmasy ýaly zäherlenme alamatlarynyň döremegi mümkindir. Suw çiliminiň alkogol içgileri bilen utgaşdyrylmagy, zäherlenme alamatlaryny has hem ýokarlandyryp bilýändir.

Suw  çilimini bir turbajykdan birnäçe adamynyň çekmegi hem keselleriň ýaýramagy babatda (uçuk ýokançlygy, gepatit A, B) howply bolup durýandyr.

"Passiw çilimkeşlik" düşünjesi suw çilimine hem degişli bolup, göwreli aýallaryň hem-de çagalaryň ýanynda ony çekme maslahat berilmeýär.

"Suw çilimini çekmelimi ýa-da çekmeli däl?" soragy, elbetde, her kişi özüçe çözer. Eger Siz ondan ýüz döndürip bilmeýän bolsaňyz, onda onuň zyýanly täsirini peseldip biljek düzgünleri ýatda saklaň:

⇒ Suw çilimini ýygy dälde, wagtal-wagtal çekiň. Ony endige öwürmäň.

⇒ Suw çilimi üçin hili belli temmäkini ulanyň.

⇒ Çalt ýanýan kömrüň ýerine agaç kömrüni ulanyň.

⇒ Suw çilimini ulananyňyzda  çalşylýan müşdükleri (mundştuklary)  ulanyň.

⇒ Suw çiliminiň çekilmegini alkogol içgileri bilen utgaşdyrmaň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5288 gezek okalan