Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

RAK KESELINI BEJERMÄGE SYNANŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Dogrudanda, Internetde we başga lukmançylyk çeşmelerinde, rak keselini beden öýjüklerindäki turşulygyň ýokarlanmagynyň öňüni alýan bejergi çäreleri bilen bejermek baradaky maglumaty tapsaň bolýar. Ýöne şonuň ýaly-da, rak keseniniň döremeginde bedeniň aşgarlanmagynyň hem ornunyň ulydygy baradaky beýannamalara duş gelmek bolýandyr. Alymlaryň hemmesi, öýjükleriň kadasyz köpelmeginde bedeniň alyş-çalyş ýagdaýynyň, şonuň esasynda turşulyk-aşgar deňagramlylygynyň bozulmasynyň hem düýpli sedäp bolup durýandygyny belleýärler. Barlaglara esaslanmalar, iýmitde et önümleriniň köp kabul edilmegi bedende turşulygyň, ak çöregiň köp iýilmegi bolsa aşgarlanma derejesiniň ýokarlanmagyna getirýändigini aýan edýärler. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda bedende turşulygy peseltmek üçin iýmit sodasyny kabul etmegiň peýdalylygy barada maglumatlar (bu bejerginiň gaýraüzülmeleri hem bardyr) peýda bolan bolsa, beden aşgarlanmasy üçin kalsiý mineralyny ulanmagyň peýdalylygy barada pikirler aýdylyp geçildi.

Ýöne ylmy barlaglar, bu teoriýalaryň howply çiş keselleriniň döremeginde ýeke-täk sebäp bolup durýandygyny we emele gelen rak öýjükleriniň köpelmeginiň tutuşlaýyn öňüni alyp biljekdigini doly subut etmeýärler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4981 gezek okalan