Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SANJYM ETMEK HOWPLUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (26 Ses)

 

SANJYMDAN SOŇ ÝÜZE ÇYKYP BILJEK GAÝRAÜZÜLMELER, BEJERGISI WE OLARYŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ ÇÄRELERI

Täze we köpdürli derman serişdeleriniň döremegi hem-de ilata hödürlenýän saglyk hyzmatlarynyň mukdarynyň, görnüşleriniň we elýeterliliginiň artmagy netijesinde, bejergide sanjymlardan peýdalanmaklyk derejesi hem günsaýyn ýokarlanýar. Şunuň bilen birlikde, edilýän sanjymlaryň saglyga edýän peýdasyna garamazdan, islenilmeýän täsirleriň ýüze çykýan pursatlary hem seýrek bolmaýar. Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, beýleki faktorlardan garaşsyzlykda ýaşyň her 10 ýaş artmagy bilen sanjymlardan soňky gaýraüzülmeleriň döremek ähtimallygy 2-2.5 esse artýar. Her şepagat uýasy iş tejiribesinde gündelik sanjym etmegi bilen kämilleşýän hem bolsa, iş seljermeleriniň görkezişi ýaly, sanjymy ýerine ýetirýän saglygy goraýyş işgäriniň käwagtlarda säwlige ýol berýän halatlary hem bolýar.

Sanjymdan soňra ýüze çykýan gaýraüzülmeleriň görnüşleri:

► Infiltrat – damara ýa-da myşsa göýberiljek derman suwuklygynyň deriniň aşagyna düşmegidir.

Alamatlary:

→ Çişme, sanjym ýerinde agyry we reňkiniň solmagy.

Sebäpleri:

⇒ Kütek iňňäniň ulanylmagy;

⇒ Myşsa edilýän sanjymda iňňäniň myşsa dokumasyna ýeterlik girip bilmeginden gysga bolmagy;

⇒ Ýagly esasda taýynlanýan serişdeleriň ýeterlik ýyladylman göýberilmegi;

⇒ Arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi we sanjym üçin nädogry ýeriň saýlanmagy hem infiltratyň döremegine getirip biler.

Bejergisi:

♦ Infiltrat emele gelende sanjymy bes etmeli, gerek bolsa sanjym üçin başga ýeri saýlap almaly. Emele gelen näsazlyklary aýyrmak üçin sanjym edilen ýere 15-20 min. dowamlylykda ýyly ýapgy (spirt bilen suwuň garyndysy, arak) ýa-da grelka goýmak, magniniň sulfat ergini bilen ýapgy etmek maslahat berilýär.

► Abssesler – ýumşak dokumalaryň iriňli alawlamasy bolup, iriňli boşlugyň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýändir.

Alamatlary:

→ Agyry, çişme, gan akyşynyň artmagyna bagly gyzarma, sanjym ýeriniň ýa-da umumy bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy.

Sebäpleri:

⇒ Infiltratyň döremeginiň sebäplerine meňzeş bolsa-da, esasan hem arassaçylyk düzgünleriniň dogry berjaý edilmezligi netijesinde ýumşak dokumalara ýokançlyklaryň düşmegi netijesinde emele gelýär.

Bejergisi:

♦ Hirurgiki usul-ýagny abssese kesip arassalama çäreleri geçirilýär.

► Iňňäniň döwülmegi

Sebäpleri:

⇒ Iňňäniň soňuna çenli doly sokulmagy, ulanyş möhleti geçen iňňäniň ulanylmagy, myşsa sanjymy hassa dik durka ýerine ýetirmek, iňňe sokulanda myşsanyň duýdansyz güýçli ýygrylmagy, köp ýagdaýlarda öz-özüňe sanjym etmegiň oňaýsyz çemeleşmeleri.

Bejergisi:

♦ Döwük iňňe böleginiň pinset bilen ýa-da hirurgiki usul bilen çykarylmagy.

► Tromboflebit – wena damarlarynda gan lagtalarynyň emele gelmegi bilen baglanşykly alawlama hadysasydyr. Esasan hem, iňňe derman göýbermek maksady bilen uzak wagtlap damaryň içinde duran ýagdaýynda emele gelip bilýär.

Alamatlary:

→ Agyry, gyzarma, çiş, wena damary boýunça infiltrasiýanyň (gatylygyň) döremegi.

Sebäpleri:

⇒ Şol bir wena damaryndan ýygy-ýygydan sanjym etmek;

⇒ Kütek iňňäniň ulanylmagy;

⇒ Suwuklygyň görnüşi, damara göýberiliş tizligi, iňňäniň hili, damar içinde galýan wagty, göýberilen wena damarynyň anatomiki aýratynlyklary ýaly birnäçe faktorlara hem baglydyr.

Bejergisi:

♦ Lukmanyň görkezmesi boýunça ýörite bejergi talap edilýär.

Ýag emboliýasy – wena damaryna göýberilen ýag esasynda taýynlanan dermanyň damarlar boýunça öýkene düşüp, ol ýerde gan damarlarynyň dykylmagyna sebäp bolup bilýär.

Alamatlary:

→ Demiň gysmagy;

→ Gögerme;

→ Ölüme sebäp bolup bilýär.

Sebäpleri:

⇒ Myşsa ýa-da deriniň astyna edilmeli sanjymda iňňäniň ujunyň tötänleýin damara girmegi;

⇒ Ýalnyşlyk bilen ýagly erginleriň damara göýberilmegi.

Bejergisi:

♦ Lukmanyň görkezmesi boýunça ýörite bejergi talap edilýär.

Howa emboliýasy

Alamatlary:

→ Ýag emboliýasynyňky ýaly, ýöne bu alamatlar has çalt peýda bolýar.

Sebäpleri:

⇒ Sanjym edilmezinden öň şprisden howanyň doly çykarylmazlygy;

⇒ Sanjylan bir iňňäniň çykarylman, iki we ondan köp sanjym üçin ulanylýan ýagdaýlarynda.

Bejergisi:

♦ Lukmanyň görkezmesi boýunça ýörite bejergi talap edilýär.

Nerw süýümleriniň zeperlenmegi – esasan hem ýanbaşdan edilýän sanjymlarda ýüze çyksa-da, başga ýerlere edilýän sanjymlarda-da gabat gelip bilýär.

Alamatlary:

→ Nerw süýüminiň tutuş uzynlygy boýunça ýa-da belli bir böleginde döreýän agyry, gowşak syzlaýjy agyrylardan başlap doly ysmazlyga çenli bolup biler.

Sebäpleri:

⇒ Düzgün boýunça edilmeli ýerden sanjylman iňňäniň nerw süýümini şikeslendirmegi;

⇒ Nerw süýüminiň ýakynyna göýberilen derman serişdeleriniň himiki täsiri bilen zeperlenmegi.

Bejergisi:

♦ Lukmanyň gözegçiliginde aýratyn bejergi talap edilýär.

Nekroz – dokumalaryň ölmegidir.

Alamatlary:

→ Sanjym ýerinde gitdigiçe artýan agyry;

→ Gögerme;

→ Çişme;

→ Gabarçaklanma;

→ Oýulma.

Sebäpleri:

⇒ Gyjyndyryjy häsiýetli dermanlaryň ýalňyşlyk bilen deri asty dokumasyna düşmegi.

Bejergisi:

♦ Derman göýberilmegi bes edilmeli;

♦ Sanjym edilen ýere 0.5%-li nowokain göýbermek, şeýle hem sanjyma bagly nekroz köplenç kalsiý hloridiniň 10%-li (!) ergininiň täsiri bilen döreýänligini göz öňüne tutup, bu ýagdaýda 0.9%-li natriý hloridiniň 50-80 ml. mukdardaky erginini sanjym edilen ýere we onuň töweregine göýbermek peýdaly bolýar.

♦ Sanjym ýerine mata ýa-da süpürgiç goýup buz basmaly.

Gematoma – gan akma netijesinde ganly boşluklaryň emele gelmegi.

Alamatlary:

→ Deri astynda gök tegmilleriň emele gelmegi, çişginlilik, şikeslenme ýerinde deriniň üýtgemegi.

Sebäpleri:

⇒ Sanjym iňňesiniň usulsyz sokulyp, gan damarlarynyň şikeslenmegi;

⇒ Sanjym üçin kütek iňňäniň ulanylmagy.

Bejergisi:

♦ Sanjymy bes etmeli;

♦ Sanjym ýerine spirtli pagta goýmaly;

♦ Gematoma emele gelen ýere spirtli ýapgy goýmaly, troksewazin melhemini ulanma hem maslahat berilýär.

Lipodistrofiýa

Alamatlary:

→ Insulin sanjylýan ýerde deri asty ýag dokumasynyň eremegi sebäpli oýmançaklaryň emele gelmegi.

Sebäpleri:

⇒ Insulin sanjymynyň şol bir ýerden edilmegi.

Öňüni alyş:

♦ Insulin sanjymynyň dürli ýerlerden edilmegini üpjün etmek.

Sepsis, AIDS, gepatit wirusyň geçirilmegi.

Alamatlary:

→ Bedeniň başga ýerlerinde ýüze çykýan umumy näsaglyk alamatlary we gaýraüzülmeler.

Sebäpleri:

⇒ Sanjym wagty arassaçylygy saklamagyň we sanjym serişdelerini sterilizasiýa etmegiň düzgünleriniň gödek bozulmagy.

Bejergi:

♦ Gutarnykly bejergisi ýok. Ýokuşan ýokanç keseliň bejergisi geçirilýär.

► Allergiki täsirlilik

Alamatlary:

→ Gijeme, gyzarma, burun akmasy-dykylmasy, anafilaktiki şok.

Sebäpleri:

⇒ Derman serişdesini bedeniň kabul etmezligi.

Bejergisi:

⇒ Sanjym bes edilmeli;

⇒ Sanjym edilen ýere 0.5%-li nowokain göýbermeli;

⇒ Sanjym ýerine mata ýa-da süpürgiç dolap buz basmaly;

⇒ Ýeňil alamatlar bilen ýüze çykýan allergiki täsirlilikde antigistamin serişdeler gerdejiklerde berilýär. Has agyr ýagdaýlarda sanjym görnüşleri, gormonlar bilen bejergi lukmanyň gözegçiliginde geçirilýär.

 

GAÝRAÜZÜLMELERIŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ DÜZGÜNLERI

Dörän ýagdaýlara syn geçirilende, gaýraüzülmeleriň esasan üç sany sebäbe görä ýüze çykýandygy aýdyňlaşdyryldy: arassaçylyk düzgünleriniň dogry berjaý edilmezligi, nädogry ýere sanjym edilmegi we sanjym edilşinde göýberilýän tehniki yalňyşlyklar. Şeýle hem, sanjym usulyna we derman serişdesiniň öz farmakalogiki aýratynlygyna baglylykda islenilmeýän täsirleri bolup bilýär.

Bedene edilýän sanjymyň howpsuz bolmagy üçin birnäçe esasy düzgünleri bilmelidir:

• Arassaçylyk we sterilizasiýa düzgünlerine berk eýermeli. Sanjymlary bir gezek ulanylýan sprişlerde geçirmeli. Sanjymdan öň elleriňi sabyn bilen ýuwma hem-de sanjym geçiriljek ýeri spirt bilen süpürme hökmany çäre bolup durýandyr;

• Hassanyň kabul edip bilmeýän, ýagny allergiki täsirlilige getirýän dermany babatda habarly bolmalydyr;

• Derman serişdeleri (ylaýtada antibiotikler) birinji gezek ulanylanda oňa bolan düýgurlylygy barlap görmelidir;

• Täze, öň ulanylmadyk derman sanjym ediljek bolanynda dermanyň gollanmasyny ünsli okap tanyşmak hökmandyr;

• Sanjymlary diňe saglygy goraýyş işgärleriň gözegçiligi astynda almaga çalşyň.

Islendik derman serişdesiniň dürli gaýraüzülmelere, hatda ölümçilige getirip bilme howpuny göz öňüne tutup we olary özbaşdak almadan gaça durup, lukmanyň maslahatyny almagyň zerurlygyny ýatda saklamalydyr.

  • 5897 gezek okalan