Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ENUREZI BEJERIP BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

"Salam Lukman! Meniň gyzym 5 ýaşynda, emma ýerine buşukýar. Birnäçe lukmanlara hem ýüz tutdum, emma bu ýagdaý häzir hem dowam edýär we gitdigiçe ýygylaşýar. Bu ýagdaý gündiz hem gaýtalanyp bilýär. Ene-ata tarapdan gyzymyň buşukmasyny nähili saklap bolarka?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Enurez – bu ukuda peşew etmegi saklap bilmezlik ýagdaýydyr.

Çaga urolog lukmanlarynyň bellemegine görä, çaga peşew haltasyna gözegçilik etmegi kem-kemden öwrenýär: 4 ýaşynda gündizki gözegçiligi, 5 ýaşdan 12 ýaşa çenli gijeki gözegçiligi. 5 ýaşa çenli enurez keseliň kesgidi goýulmaýar we diňe 5 ýaşdan soň onuň bejergisi başlanýar.

Siz hatyňyzda birnäçe lukmanlara ýüz tutandygyňyzy belleýärsiňiz, emma olaryň goýan diagnozlary ýa-da geçiren barlaglary barada aýtmaýarsyňyz. Megerem lukmanlar peşew çykaryş ýollarynyň sowuklama kesellerini, böwreklerde daş ýygnanmany barlagdan soň inkär edendirler. Gerek bolan halatlarda çaga psihologyna hem ýüz tutmak wajyp bolup durýandyr. Çaganyň göwnüne degilmegi, temmi bermek, gorky, maşgaladaky emosional dartgynlylyk, çaganyň aşa ýadamagy ýaly ýagdaýlar hem enureziň döremegine itergi berip bilýändir.

Çaga urologyna, gerek bolan halatynda çaga newropatologyna wagtynda ýüz tutmak enurezi bejermegiň ilkinji çäresi bolsa hem, ene-atalara käbir peýdaly maslahatlary berip bolar:

↪ Günüň dowamynda we hökman ýatmazdan öň hajathana gitmegiň zerurlygy barada çaga ýatladyp duruň.

↪ Gijeki sagatlarda çagany emaý bilen (gygyrman we zor salman) turzup, buşukmana iberiň. Budilnikli sagady hem gijeki enurezi bejermekde ulanyp bolar. Budilnik uka gidilenden soňky 2-3 sagada gurulýar. Budilnik jyrlanda çaga eýýäm düşegine buşugan bolsa hem, hajathana buşukmaga gitmelidir. Kem-kemden çaganyň düşegine buşugýan wagty kesgitlenip, sagat ondan öňki wagta gurulýar we çaganyň düşegine buşukmagyna ýol berilmeýär.

↪ Çaganyň suw içmek tertibini kadalaşdyryň: onuň gije-gündizki kabul edýän suwuklygynyň 40%-i irdenki, 40%-i gündizki, diňe 20%-i bolsa gijeki sagatlara paýlansyn. Gije-gündizde kabul edilýän suwuklygyň gündeligini belläp, lukmana gözkezmek hem peýdaly bolup biler.

↪ Agşam çaga kofein we süýji saklaýan içgileri bermekden gaça duruň.

↪ Çaga podguznikleri ýa-da podguznik şekilli içki geýimi geýdirmekden saklanyň. Çünki podguznigi geýen çaga gije turup hajathana gitmegi artykmaçlyk biler.

↪ Esasy zat hem – gije ýerine buşukýan çaga käýemekden, igenmekden saklanyň we çagaňyza başgalaryň gyjalat bermegine ýol bermäň!

Siziň öň lukmanlara ýüz tutandygyňyza garamazdan, sebäbi anyklap, dogry bejergi bellemek üçin gaýtadan çaga urologyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 862 gezek okalan