Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ENDOMETRIOZY NÄHILI BEJERIP BOLAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

endometrioz"Salam lukman! Meniň toý edenime 2 ýyl boldy. Aýalymda çaga galmandygy sebäpli barlaglardan geçmegi ýüregine düwdi. USB düşeninde çep we sag ýumurtgalyklaryň ikisinde hem endometrioid kista bar diýdiler: çep tarapda has ulurak – 5-6 sm, sagda biraz kiçi. Laparoskopiýa usuly arkaly kistany aýyrmagy maslahat berdiler. Emma men operasiýadan soň hem kistalaryň döräp biljekdigini eşitdim. Endometriod kistalary dermanlar bilen hem aýryp bolýarmy? Haýsy bejergi usuly netijeli bolarka?"

Saýtyň okyjysy.

"Biziň durmuş guranymyza 2 ýarym ýyl boldy. Toýuň ertesi güni gelnimiň garyn boşlugynda güýçli agyry döredi. USB barlagy gelnimde ululygy 2 sm bolan endometrioid kistanyň bardygyny görkezdi. Aý başysy gelmezden ozal garnyň ýellenmegi, güýçli agyrynyň döremegi, ýürek bulanma biynjalyk edýär. Aýbaşy gutarandan soň 6-8 günläp şokolad häsiýetli gan gelýär. Gelnim jynsy aragatnaşyk saklamakdan boýun gaçyrýar, çünki jynsy aragatnaşykda güýçli agyrynyň döreýändigini belleýär. Biz iki ýyldan bäri bejergi alsak hem üýtgeýän zat ýok. Gelnimde çaga galyp bilermikä ýa-da biz çagalar öýünden çaga almaly bolarysmy? Şu keseli nähili bejerip bolar?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjylar!

Iki hatda beýan edilýän ýagdaý meňzeş häsiýetli we alamatly bolup, ginekolog lukman tarapyndan barlagyň we gözegçiligiň dowam edilmegini hem-de bejergi meýilnamasynyň düzülmegini talap edýändir.

Endometrioz dowamly geçýän we uzak, çylşyrymly bejergini talap edýän keseldir. Endometriozyň bejergisi görkezme we kliniki alamatlara baglylykda hirurgiki bejergini we gormon serişdelerini ulanmagy öz içine alýar. Iki ýagdaýda hem, dörän kiçi bolmadyk endometriod kistalary laproskopiki usul bilen aýryp, soňundan dowamly ýagdaýda (4-6 aý) gormon serişdelerini kabul etmek zerurdyr.

Gormonal bejergide estrogen gormonynyň derejesini peseldiji progestinler, beýnide ýerleşýän gipofiz mäziniň işläp çykarýan jyns gormonlaryny togtadyjy gormon serişdeleri tapgyrlaýyn ulanylýar.

Hirurgiki bejergiden soň ulanylýan gormon serişdeleri endometriozly ojaklaryň täzeden döremeginiň öňüni alýar. Gormon serişdeleri keseliň görnüşine, derejesine, aýalyň ýaşyna we önelgelilik meýillerine görä lukman tarapyndan saýlanylmalydyr.

Endometriozyň alamatlary durnuklaşdyrylandan soň, çaga dogurmagy meýilleşdirýän aýallara ýumurtgalyklaryň işini kadalaşdyryp, aýal öýjükleriniň kadaly emele gelşini (owulýasiýa) tijendiriji serişdeleri ulanma zerurlygy hem döräp bilýändir.

Beýan edilýän iki ýagdaýda hem, çaga dogurmagy meýilleşdirýän aýallara hirurgiki bejergini geçip, belli bir ginekolog lukmanda dowamly bejergi almak we gözegçilikde saklanmak örän zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 285 gezek okalan