Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň gelniňizi irki gestoz ýagdaýynyň ýa-da il arasynda aýdylýan aş saýlamanyň alamatlary biynjalyk edýär. Ýüze çykyş derejesine baglylykda, geçirilýän bejerginiň göwrümi hem tapawutly bolýar.Ýeňil we orta derejede geçýän aş saýlamada az-azdan, ýöne ýygy naharlanma, serukal, dimedrol, toksikoz-plýus, doprokin serişdelerini ulanma ýeterlik bolsa, agyr geçýän ýagdaýlar ýörite erginleri ulanma bilen keselhana bejergisini talap edýändir. Agyr geçýän we wagtynda bejerilmedik aş saýlama bedeniň zäherlenmesiniň sebäbi bolup, çaga düwünçegiň ösüşine ýaramaz täsir edip biler.Gelniňize ýagdaýa görä degişli bejergini kesgitlemek üçin ginekolog lukmanyna ýüz tutma ýerlikli bolar. Göwrelilik döwründe duşup biljek amatsyz ýagdaýlar barada maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwrelilik döwrüniň kynçylyklary" atly makala bilen tanyşmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

  • 4925 gezek okalan