GÖWRELILIGIŇ DÜŞME HOWPY GORKULYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

"Ýatgynyň ýokary tonusy" düşünjesi, ýatgy myşsasynyň dartgynlylygynyň kadadan ýokarylygyny görkezip, ol göwreliligiň düşme howpynyň alamatydyr. Şeýle ýagdaýlarda, alamatyň ýüze çykyş derejesine, göwreliligiň möhletine, göwreliniň saglyk aýratynlyklaryna baglylykda, dürli derman serişdeleri (göwreliligiň 18 -20 hepdesine çenli dýufaston, magniý duzunyň dürli serişdeleri, ioril, metasin, ginipral, nifedipin we baş.) ulanylyp bilinýändir. Şeýle-de, bu ýagdaýda özüňe fiziki we psihiki agramlylyk salmadan gaça durmalydyr.

Sizde döreýän baş aýlanma we ysgynsyzlyk bolsa, göwrelilik döwründe ýüze çykýan gan azlylyk, gan basyşyň üýtgemegi, galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary netijesinde döräp biler. Size gözegçilik edýän ginekolog lukmany, siziň barlaglaryňyzyň netijesine esaslanyp, degişli bejergini belläp biler.

Sag göwreli zenan günüň dowamynda, özüne agram salmazdan hereket edip, iş düzgüni dynç almalar bilen utgaşdyrylmalydyr. Siziň gijeki ukyňyz 8-9 sagatdan, gündizki dynç almalar bolsa 1-1,5 sagatdan az bolmaly däldir. Göwreliniň iýmiti belogyň, ýaglaryň, uglewodlaryň, witamin we minerallaryň gerekli mukdaryny özünde saklamalydyr. Göwrelilik döwründe siziň beden agramyňyzyň köpelşine baglylykda, lukman iýmitlenmäňize ol ýa-da başga üýtgeşmeleri girizip biler. Göwreliligiň üçünji ýarymynda suwy we duzly önümleri kabul etmeklik çäklendirilip bilner.

Göwrelilik döwründe ýüze çykyp biljek amatsyz ýagdaýlar baradaky maglumaty, saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwrelilik döwrüniň kynçylyklary" atly makaladan okap bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2926 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. dowran

Salam lukman erkeklik jynsymda kemchilik yuze chykdy men nira kime yuz tutup bilerin.shu barada aydaysanyz

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location