Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
JYNSY GATNAŞYKLAR
Hormatly okyjy!
Onanizm (masturbasiýa) bilen yzygider meşgullanmagyň jynsy gowşaklyga getirip biljekdigi baradaky pikir giňden ýaýrandyr. Şeýle meşgullanmanyň getirip biljek içki jyns agzalaryndaky gan aýlanşygynyň kynlaşmagy, jyns mäzleriniň işiniň peselmegi, oňurga ýiligindäki degişli kadalaşdyryjy merkezleriň duýgurlylygynyň peselmegi ýaly bozulmalary bellenip geçilse hem, bu deliller degişli subutnamasyny tapan däldir.
Seksopatologlaryň aglabasynyň pikir edişine görä, jynsy gowşaklygyň ýüze çykmagy onanizm sebäpli däl-de, onuň bilen meşgullanýan ýaş adamlara nädogry maglumatyň berilşindedir. Bu ýagdaýa aşa köp üns berme, gorkuzma we jeza berme, adamda özüni günäli saýma, howsala, göwniçökgünlilik, özüni kemçilikli saýma ýaly ruhy bozulmalaryň döremegine getirýändir. Bu bolsa soňundan jübütleriň gatnaşygynda jynsy işjeňliginiň peselmegini (psihogen jynsy gowşaklyk) döredip biler. Dörän bozulmany aradan aýyrmak üçin androlog, seksopatolog lukmanlaryna ýüz tutma ýerlikli bolar. Lukmanlara ýüz tutmakdan çekinmäň, çünki dörän kynçylygyň wagtyň geçmegi bilen ruhy ýagdaýa we maşgala gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etjekdigini ýatda saklamalydyr.
Bu babatda maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Masturbasiýa: peýdalymy ýa-da zyýanly?", "Jynsy gowşaklyk" atly makalalar bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 8562 gezek okalan