Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

UJYDYŇ KADALY UZYNLYGY WE ÝOGYNLYGY NÄÇE BOLMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.81 (103 Ses)

Hormatly okyjy!

Erkegiň ujydynyň ölçegi onuň beden gurluşynyň (konstitusiýasynyň) aýratynlyklaryna, milletine, ýaşaýyş şertlerine, genetiki aýratynlyklaryna baglylykda dürli bolup, bu babatda "kada" diýen düşünjäni ulanmakdan saklanmalydyr.

Seksologlaryň barlaglary, ujydyň asuda ýagdaýda ortaça uzynlygynyň 8–10,2 sm, has uzynlarynyň bolsa 11,1–13,0 sm-e deňdigini mälim etdi.

Bu agzanyň kiçi bolmagy erkek adamyny uly alada goýup, ony dürli seksual we psihiki bozulmalara, ruhy gamgynlylyk ýagdaýyna getirip biler.

Aýal jynshanasynyň dürli ölçegdäki ujyda uýgunlaşyp bilme häsiýeti, jynsy gatnaşyklarda dürli ýagdaýlary (poza) ulanma netijesinde duýgurlylygy ýokarlandyrma ýaly ýagdaýlar bu kynçylygy aradan aýryp, tebigatyň bu ugurda paýhasly "hereket edendigini" görkezýär. Ujydy ulaltmak üçin häzirki zaman lukmançylygy erkeklik gormony bilen bejerme, ýörite ekstendor abzallaryny ulanma, dürli plastiki operasiýalary geçirmek usullary ulanýar.

Degişli bejergini doly barlagdan soň lukman bellemelidir we gözegçilik astynda saklamalydyr. Ujydyň ölçeg aýratynlyklary, oňa erkekleriň we aýallaryň garaýşy we şoňa degişli başga köp maglumaty bilmek üçin Size saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýal we erkek seksuallygynyň aýratynlyklary" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 42537 gezek okalan