Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ETMELI BOLARKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Onanizm bilen uzak wagt meşgullanmak, esasan psihogen (jynsy ukyby kadalaşdyryjy nerw merkezleri bilen arabaglanşygyň bozulmagy) jynsy gowşaklygyň döremegine getirip, dürli usullaryň utgaşmasyny ulanma netijesinde bu ýagdaý bejerilýändir.

Siziň ulanýan serişdeleriňiz hem, ujydyň gan aýlanyşygyny ýokarlandyryp (wiagra, lewitra, sialis) onuň gönelmegine ýardam berýän gerdejikler bolup, olar hem jynsy gowşaklygyň bejeriş çärelerine degişlidir. Ýöne olaryň wagtlaýyn täsirliligini unutmaly däldir.

Näme-de bolsa, çekinmän, Siziň jynsy ulgamyňyzyň ýagdaýyny we dörän jynsy gowşaklygyň derejesini anyklap, degişli bejergini kesgitlemek üçin androlog lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris. 

Şeýle hem, dörän kynçylyk barada doly maglumat almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk", "Masturbasiýa: peýdalymy ýa-da zyýanly?" atly makalalar bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6211 gezek okalan