Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

LEZZETIŇ ALAMATLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.98 (89 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz maşgala durmuşynyň gyrasyndan ýaňy aýak basan ýaş çatynjalar bolup durýarsyňyz. Şonuň üçin hem, biri-biriňize ýaramly gyjyndyryjy (erogen) nokatlary, gatnaşyk görnüşlerini (poza) siz diňe biri-biriňizi öwrenip tapyp bilersiňiz.

Aýal maşgalany jynsy gatnaşyklarda kanagatlandyryp, oňa lezzetli duýgulary bermek üçin taýynlaýjy çäreleriň (posalar, sypalamalar, erogen nokatlary gyjyndyrma) geçiriliş häsiýeti, dowamlylygy diýseň wajypdyr. Ol barada bir-iki sözde aýtmak mümkin hem däl. Şonuň üçin, men Size aýal seksuallygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýalyň we erkegiň jynsy isleginiň arasynda tapawut barmy?" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýärin.

Aýal orgazmy barada aýdylanda bolsa, bu düşünjäni bir kesgitleme bilen düşündirip bolmaýar. Eger erkek orgazmynyň (lezzetliligiň ýokary nokady) aýdyň alamaty höküminde eýakulýasiýany (döli dökme) bellemeli bolsa, aýal orgazmynyň aýdyň alamatyny belläp bolmaýar. Şonuň üçin hem, erkek adamlar tarapyndan berilýän "Aýal maşgala "döküp" bilýärmi?" diýen sorag aýdyňlaşdyrylmany talap edýändir.

Aýalyň jyns ýollaryndan bölünip çykýan nem jynsy gatnaşyklaryň başynda, "taýynlanma" döwründe hem çykyp, onuň gyjyndyrmalara "jogap" berip, jynsy gatnaşyga taýyndygyny aňladyp bilýändir. Şeýle-de, nem orgazmyň alamatlarynyň biri bolan ýatgynyň we jynshana myşsalarynyň ýygrylmagy netijesinde hem bölünip çykyp, "dökme" alamatyny berip biler. Ýöne bölünip çykýan nemiň ujypsyzlygy sebäpli köp ýagdaýlarda bu alamat esasy alamat höküminde jübütler tarapyndan duýulmaýar hem. Görşümiz ýaly, jyns agzalaryň nemlenmegi aýal orgazmynyň ýeke-täk alamaty däl.

Jynsy gatnaşyklarda aýalyň hereketiniň we dem almasynyň çaltlanmagy, sojamagy, göwsüniň we emzikleriniň gatamagy, jyns dodaklarynyň ulalmagy, ýatgynyň we jynshana myşsalarynyň ýygrylmagy (we nemiň bölünip çykmagy) onuň lezzetli duýgyny başdan geçirjekdigini alamatlandyryp biler. Jynsy gatnaşykdan kanagatlanan aýalyň keýpi hem ýokarlanyp, şähdaçyk bolýar, gujurlylygy ýokarlanýar. Sebäbi onuň bedeninde endorfin gormonlary döräp, ol şolaryň täsirinde bolýar.

Aýal seksuallygynyň wagtyň geçmegi bilen ýaýbaňlanýandygyny ýatda saklamalydyr. Şonuň üçin hem adamsy tarapyndan bildirilýän duýgular, gözlegler, tagallalar hökman aýal maşgalanyň duýgurlylygyny ýokarlandyryp, är-aýal düşeginde oňa kanagatlanma bermäge ýardam berer.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 17019 gezek okalan

Teswirler (11)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Gaýgysyz

Hormatly saýtyň okyjysy!Seniň saýtdaýerleşdren soragyň aýratyn hem ýaşlar üçin örän wajyp.Jynsy gatnaşykda aýal bilen erkekde döreýän bu lezzetli duýgyny adamzat durmuşynda heýde bir başga duýgy bilen deňeşdirip bolarmyka! Taryha garasaň hem...

Hormatly saýtyň okyjysy!Seniň saýtdaýerleşdren soragyň aýratyn hem ýaşlar üçin örän wajyp.Jynsy gatnaşykda aýal bilen erkekde döreýän bu lezzetli duýgyny adamzat durmuşynda heýde bir başga duýgy bilen deňeşdirip bolarmyka! Taryha garasaň hem men-men diýen adamlar ol duýgynyň ýesiri blup geçipdirler ahyryn.

Dowamy
 
  1. Çetili

Utanç gowy duýgydyr weli, aýratyn hem aýal-gyzlar üçin, ýöne jübütlere är-aýal düşeginde onçakly ýerlikli düýgy dälmikä diýýärin. Ol ýerde olar biri-birine jebis onaşyp, duýgylary sazlaşdyrmak birnäçe wagt talap edýär.

 
  1. Rahman

Saýta sorag beren hormatly ýigit! Saňa gysga aýtjak zadym gelniň bilen birlikde dirižýor bolup, ikiňiz hem sazyny bile ýerine ýetirseňiz, sizde bolup geçýän orgazm bir notada amala aşyrylyp göwnejaý bolar.

 
  1. Gartaşan.

Aý, ýaş ýigit öýleneniňe ýaňy bir üç aý bolupdyr weli, gowy zatlary çalt biljek bolýarsyň. Meniň ýaşym elli bäşe barsa-da men şol duýgularyň aşygy we henizem lezzetli öwrenmegi dowam etdirýärin.

 
  1. K

[quote name="Bagul"]Hormatly lukman hacanda birinji gezek gatnasyk edyan yone name ucin gan akmadyka mende bu mende gyzlyk perdan yoklugymyka name ucin beyle boldyka jogap yazaysanyz[/quote]<br /><br />Salam

 
  1. Bagul

Hormatly lukman hacanda birinji gezek gatnasyk edyan yone name ucin gan akmadyka mende bu mende gyzlyk perdan yoklugymyka name ucin beyle boldyka jogap yazaysanyz

 
  1. Sarman.

Öýlenemde aýalym utanjaňlyk edip ilki wagtlar başymy serim-sazak etdilaý. Soň türkmenlerde aýdylyşy ýaly öýlenenler "bagly" bolupdyr diýibem gep aýdyp başladylar. Soň ruhy keseller lukmanyna ýüzlenip kömek alanymyzdan soň hemmesi gülala-güllük...

Öýlenemde aýalym utanjaňlyk edip ilki wagtlar başymy serim-sazak etdilaý. Soň türkmenlerde aýdylyşy ýaly öýlenenler "bagly" bolupdyr diýibem gep aýdyp başladylar. Soň ruhy keseller lukmanyna ýüzlenip kömek alanymyzdan soň hemmesi gülala-güllük boldy. Indi bolsa ilki bolan ýagdaýy ikimizem gülüşip ýatlaýarys.

Dowamy
 
  1. Okyjy.

Halk arasynda aýdylýan düşünje "aýallar mydama başarýarlar, ýöne hemme wagt islemeýärler, erkekler mydama isleýärler we islän wagty başarmaýarlar diýip, ýöne aýdylan zat däl. Şonuň üçinem aýallaryň bedeninde bu inçe duýgynyň bolup geçişi...

Halk arasynda aýdylýan düşünje "aýallar mydama başarýarlar, ýöne hemme wagt islemeýärler, erkekler mydama isleýärler we islän wagty başarmaýarlar diýip, ýöne aýdylan zat däl. Şonuň üçinem aýallaryň bedeninde bu inçe duýgynyň bolup geçişi erkekleriňkiden üzül-kesil başgarak. Ony weli käbir erkekler bilibem baranoklar.

Dowamy
 
  1. Suwhan.

Öýlenen ýigitlere aýtjagym ilki başdan, atyňy ýeke çapman özüňkiden öňräk gelniňe lezzet almaga maý döredip, hereket etseň öz lezzetiň hem başga boljagy ikiuçsyzdyr. Ýakyn öýlenen dostlaryňdan hem gizlin syrlary öwrenmek ýerliklidir, weli ýöne...

Öýlenen ýigitlere aýtjagym ilki başdan, atyňy ýeke çapman özüňkiden öňräk gelniňe lezzet almaga maý döredip, hereket etseň öz lezzetiň hem başga boljagy ikiuçsyzdyr. Ýakyn öýlenen dostlaryňdan hem gizlin syrlary öwrenmek ýerliklidir, weli ýöne jübtler biri-birine öwrenişip, goldaw berseler ýagdaý basym ilerlemek bilen bolar.

Dowamy
 
  1. Dowlet

Hormatly Lukman! Menin gyzym psoriaz keselinin ejirini 5 yyl bari cekyar, sizden etjek hayysym haysy hassahanada bejergi alsa gowy peyda taparka, on hem birnace gezek bejergi aldy, yone birbada ayrylan yaly bolyarda yene gaytalayar...

 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location