Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA GALANDAN SOŇ JYNS GATNAŞYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.73 (73 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýalyň göwresinde çaganyň galandygyny onuň aýbaşynyň saklanmagy, umumy ýagdaýynyň üýtgemegi (ýürek bulanma, gaýtarma, dürli yslara duýgurlylyk, tagamlara bolan islegiň üýtgemegi, süýt mäzleriniň ulalmagy we agyrmagy) ýaly alamatlardan çen tutup bolar. Ýöne bu alamatlar çaklama esas döredip, takyk maglumaty berip bilmeýär. Aýalyň peşewiniň test-zolajyklary bilen barlama (has irki möhletlerde hem) we ýatgynyň ultrases barlagyny geçirme has anyk maglumaty berip bilýändir.

Göwrelilige çaklama dörese, ginekolog lukmanyň maslahatyny almak ýerlikli bolar. Jynsy gatnaşyklara garşy belli bir görkezmeler lukman tarapyndan bellenmese, olary geçirip bolar.

Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklaryň aýratynlyklary, oňa garşy görkezmeler we başga-da köp peýdaly maslahatlary almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwrelilik we jynsy gatnaşyklar" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

  • 35947 gezek okalan