Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ŸÜZDÄKI DÜRTÜKLERIÑ YZY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüzdäki dörän düwürtikleriň yzyny aýyrmak, düwürtikleriň döreme sebäbini kesgitläp bejergi çärelerini geçirmek üçin kosmetolog hünärmenleriniň, käbir ýagdaýlarda dermatolog lukmanlaryň hem maslahaty gerek bolup durýandyr. Deriniň ýagdaýy, dörän şikeslenmeleriň derejesi kesgitlenmezden, bejergini özbaşdak geçirmäge synanyşmak allergiki täsirlilik, deride ýanyklaryň, tyg yzlarynyň döremegine getirip biler. Kosmetolog lukmanyna maslahat we bejergi üçin ýüz tutmakdan çekinmäň. Siziň ýaşyňyzyň kiçiligi, jynsyňyz ýa-da başga sebäpler kosmetolog lukmanlarynyň maslahatyny almaklyga garşy görkezmeler bolup bilmezler.

Şeýle hem, düwürtikler bilen bagly kynçylyklar barada peýdaly maslahatlary almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Ýüzdäki   düwürtikler:  sebäpleri   we   bejergi   çäreleri" atly makala bilen tanşyp bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3548 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Kakajan

Salam hormatly lukman! men shu dürtükli meselede haýsy salgyda ýerleshýän lukmanyň öz ýanyna gatnap bejergi alyp bilerin? kyn görmeseňiz salgysyny ya-da ,tel: nomerni bermegiňizi sizden haýysh edýärin...

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location