Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SAÇ DÖKÜLMESINE GARŞY NÄME ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (23 Ses)

Hormatly okyjy!

Gür, ýalpyldap duran saçlar adamyny gözelleşdirip, onda özüne bolan ynamlylygy  döredýän bolsa-da, olaryň düşmegi, agarmagy, kesellemegi olar barada hemişe aladalanmagyň zerurlygyny görkezýär.

Gynansak hem, saçlar diňe garrylyk çagynda däl-de, 20, 30 ýaşda hem agaryp bilýändir. Saçlaryň reňki onda saklanýan melanin pigmentine bagly bolup, onuň işläp çykmasynyň peselmegi saçlaryň agarmagyna getirip bilýändir. Garrylyk döwründe  öýjüklerde ýygnanýan wodorod öteturşusy pigmentiň emele gelmegini togtadýan bolsa, ýaş adamlarda ol dürli sebäplere görä agarýandyr.

Uzak stress ýagdaýynda emele gelýän neýropeptidler saçyň reňkiniň üýtgemegine getirip biler. Bedende belok ýetmezçiligi, galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary, bagryň, böwregiň, iýmit siňdiriş ulgamyň keselleri, kofe içgisiniň köp kabul edilmegi, käbir derman serişdeleri, bedende misiň, B witaminleriniň ýetmezçiligi hem saçyň agaryp başlamagynyň sebäpleri bolup bilerler.

Ýüze çykan sebäpleri  aradan aýryp, saçlaryň tebigy reňkiniň ýitmeginiň öňüni alyp bolar. Gynansak hem, häzirki wagta çenli lukmançylykda saçyň reňkini dikeldýän usullar  belli däldir. Ýörite goraýjy reňkler bilen saçlary reňkleme kosmetiki netijeliligi berip biler.

Hormatly okyjy! Saçyň düşmeginiň sebäpleri we bejergi çäreleri, saçlarda goňaklaryň emele gelmeginiň sebäpleri we oňa garşy göreşiň aýratynlyklary, saçlary idetmegiň düzgünleri barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Saçlaryň düşmeginiň sebäpleri we bejergisi", "Alada goýýan mesele: Goňak", "Şampuny nähili saýlamaly", "Saçlary öý şertlerinde idetmek" atly makalalardan okap bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň okyjysy.

  • 7215 gezek okalan

Teswirler (10)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. aly

Salam lukman men sacym dusya iki yyl dagy bolp gelya yzly yzna syrybam gordum cykya juda seyrek gaty hayal osya name etsem bolya maslahat berin ullakan hayyst jogabynada sag bolun onunden!

 
  1. Aygül

Lukman menin sachym seyrek hem-de kop dushyar. Sachymyn dushmezligi uchin gureltmegim un name etmeli???

 
  1. Myrat

Salam doktar sacy tiz nadip osdurip bolar maslahat berip bilmezmisiniz

 
  1. Jumamyrat

Lukman meniñ saçym dõkuldi hem seyrekleşdi çaresi barmy?

 
  1. Didar

Menin sacym dusya name etmeli maslahat berin Doktor.

 
  1. Subhan

Lukman menin sacym dusya name etmeli maslahat berin!

 
  1. Ümürbek

umurbek.@example.com

 
  1. akmuhammet

Doktar menin sacym seyrek manlay saclam dusya lazer darak power grow dip atlandyrylyan darak hakda esitdim sony aldyrsan sac cykarmy sac ekdirjek russiyada sac ekdirsem nace wagt saklap bilerin ekilen sacy hayst su hakda aydaysanyz

 
  1. akmuhammet

Sac ekdirmegin zyyany barmy

 
  1. Maksat

Lukman menin sacym buyra sony goni osdurmek ucin nam etmeli

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location