Salam, hormatly lukman. Warikoz giňelmesi bolan damarlary operasiýa usuly bilen nädip aýrylýandygy barada az-owlak düşündirmegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi men lukmana ýüz tutanymda, ol maňa şol giňelen damarlary kesip aýyrmalydygy barada aýtdy. Eger uzyn damarlaryň aralygyndaky giňelen ýerlerini kesip, soňra iki ujyny birikdirseň, adamyp maýyp galmak howpy barmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman! Yakynda agamyñ ogly boldy. Lukmanlar dogluş gowy geçdi diýdiler. Ýöne lukmanlar şol gün öýlän çaganyñ ýagdaýynyñ agyrlaşandygyny habar berdiler. Bäbegiñ reñki beýleki bäbeklerden gök bolup saýlanyp dur. Lukmanlar bäbege dogabitdi parok diýp diagnoz goýdular. Çaga ýaşarmy? Nähili bejermeli?
Nurýagdy.
Jogaby oka
Salam, gadyrly lukman!
Ilki bilen şeýle saýty gurnan administratorlara we olar bilen hyzmatdaşlyk edýän lukmanlara minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Men öz saglyk meseläm boýunça size ýüz tutýaryn: maňa ýürek tahikardiýasy we gipoksiýasy diýip kesel kesgidini goýdular. Men 26 ýaşymda, durmuşa çykmadyk. Ýokarda agzalan diagnoz meni ýarym ýyl bäri köseýär. 1 ýyl mundan öň newroz keseline duçar boldum, onuň bejergisini alyp gutuldym. Ýöne meniň şu wagtky ýagdaýyma şol keseliň täsiri barmyka öýdýän. Ýüregim rahat ýagdaýda minutda 104 gezek, işleýän wagtym 120 gezek urýar. Ýüregimiň nädogry işlemesi edil şu wagt o diýen bildirmese-de, soňunda bir oýny bolaýmasyn diýip howatyrlanýaryn. Ýüregim aram-aram edil gursagymdam çykaýjak ýaly bolup urýar. Ýüregimiň çalt urmasy üçin diňe korwalol içýärin, entek başga bejergi alamok. Şonuň üçin-de, ýüregimiň tahikardiýasyny we gipoksiýasyny bejermek üçin bir bejergini salgy berseňiz, bu keseliň haýsy sebäplere görä döreýändigini aýtsaňyz, sizden köp hoşal bolardym. Işiňizde üstünlik arzuwlap, jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka