Hormatly lukman! Multitabs dermanyn tasiri barada aýdyp geçseňiz sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman. Men 10 gün hassahanada bejergi aldym. Şonda ýanbaşdan sanjym edilen ýerim erbet çişdi, gany durmady, hatda ýarym sagat ýaly ýöremegim hem kynlaşdy. Indi şol sanjym edilen ýerimiñ derisi ýyrtylýar. Başga ýerler däl-de, diñe şol sanjym edilen ýerim şeýle bolup dur. Sanjymdan bolan zatmyka ya-da guýçli derman urulandanmyka?
Saýtyň okyjysy.
Hormatly lukman! Men ýarawsyz bolamsoň ýygy-ýygydan sanjym etmeli bolýaryn. Käwagtlar sanjymy öz-özüme hem etmeli bolýan halatlarym seýrek bolanok. Öz-özüňe sanjym etmek howplumyka? Aslynda sanjym etmek nähili ýaramaz ýagdaýlara getirip biler?
Saýtyň okyjysy.
Dowamy
Hormatly lukman! Men köplenç şeýle ýagdaýlaryň şaýady bolýaryn. Hassahanada lukmanyň kabulhanasynda gezegime garaşyp otyryñ welin, köplenç ýokary wezipeleri eýeleýän adamlar gelýarler (polisiýa işgärleri ýa-da ş. m.) we "Men öñ gürleşip goýdum" diyip girip gidiberýärler. Şular ýaly düzgün barmy? Eger bar bolsa, onda biz name etmeli?
Saýtyň okyjysy, Aýmyrat.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman! Meni şeýle sorag gyzyklandyrýar – bedende alkogol emele gelýärmikä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Meniň elimde biotok bar. Adamlaryň arasynda otursam töweregimdakileriň keselini özüme çekip alýaryn. Ol adamlar sagalýar, men bolsa syrkawlaýaryn. Men nädip saglygymy gorap saklamaly?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman! Ýylan etini iýmek peýdalymy, ol dermanmy? Soraýanlygymyň sebäbi, men birnäçe gezek derman höküminde ony iýenlerine gabat geldim. Maña-da hödür etdiler, ýöne men iýmedim. Guragyra we basga-da köp kesele garşy peýdasy bar diýýärler. Eýsem bu dogrumyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam saýtyň lukmanlary!
Men 15 yaşymda. Mana lunatikler barada aýdyp bermegiňizi haýyş edýärin. Men agşam yatyrkam ýerimden turup ýöreýandigim hakynda öýdäkiler aýdýarlar . Ýöne ertir tursam beyle zatlaryň bolup geçeni ýadyma düşenok. Bu keselmikä?
Onuň zyýanly taraplary barmyka?
Nadip bu zatdan dynyp bolarka?
Mumkin bolsa maslahat bermegiňizi haýyş edyärin. Sag boluň.
Saýtyň okyjysy, Abdulla.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman! Ÿañy-ÿakynda sütünli (stwolowoÿ) öÿjükler barada gyzykly bir maglumata satašdym. Šol barada umumy maglumaty öz saýtyňyzda ýerleşdirseňiz hem gyzykly bolardy. Meniñ soragym bolsa šeÿle: Türkmenistanda çaganyñ göbek ganyny saklaÿan bank barmy? Jogabyñyza sabyrsyzlyk bilen garašÿaryn. Köp sagboluñ.
Saýtyň okyjysy
Jogaby oka
Salam lukman! Men sportuň her dürli görnüşleri bilen mesgullanýan. Sport bilen meşgul bolanymdan soňra göbekden asak gidýän dogry damarlarym cekýär we meni hereketsiz ýagdaýda goýýar. Damar çekme geçýänçä eglip oturmaly bolýaryn. Şeýle ýagdaý mende 5 ýyla golay dowam edýär. Men geçen ýyl lukmanyň ýanyna bardym we lukman meniň peşewimi barlap, onuň arassalygyny aýtdy. Soňra ol meniň gobegimi öz barmagy bilen basdy welin, mende damar cekmesi başlandy. Şonda mana lukman: "Seniň göbek bogunyn gowşapdyr" diýdi we tebibe baryp göbegimi daňdyryp (halk içinde içiňi daňdyr diýýärler) görmelidigini maslahat berdi. Men gidip daňdyrdym. Dogrumy aýtsam mende damar cekmesi oňküsine garanda azaldy, yone hazirem cekmesini dowam edýär. Sizin pikiriňizçe, men name etmeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman! Häzirki döwürde Türkmenistanda rak keseli köpelip başlady. Internetde bedeniň turşulygyny azaltmagyň hasabyna keseli bejermek barada maglumatlar köpelip başlady. Şu barada türkmen okyjylaryna türkmen dilinde maglumat beräýseňiz.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka