Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caga semizligiTürkmenistanda ýyl-ýyldan has köp çaga semreme we aşa semreme töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bütindünýä semizlik atlasynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda ýurtda 5-19 ýaşly çagalaryň ~10% semizlikden ejir çekýär we bu görkezijiniň 2040-njy ýyla çenli 15-18% çykmagyna garaşylýar. Ýurduň öz içinde bolsa, 2017-nji ýyldan bäri bu mesele boýunça sanlardyr maglumatlar köpçülik bilen paýlaşylmaýar, iýmit marketingi düzgünleşdirilmeýär we mekdep naharlarynyň hil we ýokumlylyk standartlary barada habar berilmeýär.

Dowamy

  • 106 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

emdiryan enelere maslahatlarEne süýdüniň kadaly emele gelmegi üçin dogumdan soňky ilkinji günler, hatda sagatlar örän wajypdyr. Dogumdan soň çagany enäniň garnyna goýup emdirme çaga bilen enäniň arasynda ysnyşygy döredýär. Ýaňy dogan aýalda enelik duýgularyň döremegine, süýdüň emele gelip başlamagyna ýardam berýär.

Dogumdan soňky ilkinji sagatlarda göwüslerde ýeterlik süýt entek bolmasa-da, düzümi we täsiri boýunça has peýdaly, ýokumly oguz süýdi emele gelýändir. Goýy we dury oguz süýdi düzüminde köp fermentleri, witaminleri, belogy, ýaglary, uglewodlary, immunoglobulinleri saklap, çaga üçin kesellerden goraýjy "galkan" bolup durýandyr.

Dowamy

  • 553 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

sosial mediya ulanyan cagalarÝakynda JAMA žurnalynda çap edilen ylmy barlagyň netijelerine görä, sosial mediýa ulanmaýan ýetginjekler bilen deňeşdirilende, sosial mediýa ulanýan ýetginjekler okamak, sözleri öwrenmek we ýatkeşlik ýaly ukyplarda kemtärlik görkezýärler.

Barlagda 6000-den gowrak 9-10 ýaşly çagalaryň kognitiw ukyplary birnäçe ýyllap yzygiderli synagdan geçirildi we netijeler olaryň sosial mediýada geçirýän wagtlary bilen deňeşdirildi. Kognitiw synaglaryň üsti bilen olaryň okaýyş, düşüniş we sözleri tanaýyş ukyplaryny ölçenildi.

Gatnaşyjylaryň bir topary 13 ýaşa çenli her günde azyndan 3 sagadyny sosial mediýa sarp edýän ekenler we olaryň ballary sosial mediýa ulanmaýan toparyňkydan 4-5 bal pes çykdy. Barlagçylary geň galdyran ýagdaý bolsa, hatda sosial mediýany günde 1 sagat ýa-da ondan az ulanýan ýetginjekler hem ulanmaýanlardan pes netije görkezdiler.

Dowamy

  • 625 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

babejik bilen aragatnasykSiziň dokuz aýlyk azaplaryňyz, aladalaryňyz, arzuwlaryňyz ýerine gowuşýar – siz owadan gundaga dolanan bäbejik bilen öýňüze gaýdyp gelýärsiňiz. Size öýde bir topar aladalar garaşýar: çaganyň iýmitini ýola goýmak, arlykdyr-eşiklerini ýuwmak, ony suwa düşürmek, gezelenç etmek, öýüň işlerini ýerine ýetirmek. Başagaýlykda esasy zady ýatdan çykarmaly däldir: körpejik bilen aragatnaşygy ýola goýmak. Bu çaganyň fiziki we emosional taýdan dogry kämilleşmegine, berk aragatnaşygyň ýola goýulmagyna ýardam berer.

Dowamy

  • 805 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

babejik name ucin aglayarAglamak – sözleşme usulydyr.

Uly adamlar sözleşme arkaly aragatnaşyk saklaýarlar. Ýöne ýaňy doglan çagajyga entek dil açardan ir, şonuň üçin hem, ol sözleşmäniň ýeke-täk usuly hökmünde agyny ulanmaly bolýar.

Bäbejikleriň ýygy aglamagy kada hasaplanýar. Sözleşip bilmeýän çaga aglamak bilen haýsy hem bolsa bir biynjalyklygy ýa-da talaby barada habar bermäge ymtylýar. Ene-atany 20-30 min dowamynda uzaga çekýän, dyngysyz çaga aglamalary has-da uly alada goýýar, aljyraňňylyk, alaçsyzlyk döredýär.

Dowamy

  • 999 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caganyn iymitlenis tertibi"Salam! Meniň 1 ýaş 3 aýlyk oglum bar. Oglum hiç semremeýär – agramy 8 kg 200 gr, boýy 73 sm. Ene süýdünden başga ýanyndan nahar hem berýän, ýöne işdäsi kän gowy dal. Süýtli önümleri hiç hem iymeýär: owsýanka kaşasyny, süýt-gatyk hem içenok. Men oglumy semredip, immun ulgamyny berkitmek üçin näme etsem gowy bolarka?"

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 1223 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cagalarda miopiyanyn onuni almakEger sen hem çagalaryňy elektroniki enjamlaryň öňünden aýyrmakda kynçylyk çekýän bolsaň, synanyşmagy bes etmezlige ýene bir sebäp: Daşarda her gün azyndan 2 sagat wagt geçirmek çagalaryň görejini goramak üçin edip boljak iň möhüm zatlaryň biridir.

1970-nji ýyllarda ABŞ-nyň ilatynyň diňe 25%-inde miopiýa (şowalyk) bolan bolsa, häzirki wagtda ol 42%-e çykdy. Gündogar Aziýa ýurtlarynyň käbirinde ýaş oglan-gyzlaryň 90%-i kämillik ýaşyna ýetýänçä miopiýa ulaşýarlar.

Dowamy

  • 1463 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.15 (20 Ses)

ogul ya da gyz"Ogul bolmasy üçin nädip hasaplamaly?", "Ogul çaga isleýäris?", "Oglan çaganyň galmasy üçin nämeler etmeli?" ýaly soraglar redaksiýamyza iň köp gelýän soraglaryň hataryna girýär. Aýallar we erkekler dürli sebäplere görä edinjek çagalarynyň jynsyny saýlamak isläp bilerler:

Dowamy

  • 4970 gezek okalan