Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Hormatly okyjy, Aýbaşyňyz wagtynda gelmedik bolsa, göwreliligi anyklaýan ýörite test bölejiklerini ulanyp, ultrases barlagyndan geçip ýa-da ganda göwrelilik wagty ýokarlanýan horion gonadotropinini (rus. – хорионический гонадотропин человека – НГЧ) anyklap göwrelilik ýagdaýyny kesgitläp bilersiňiz. Bu gormonyň derejesi göwrelilik wagty her 72 sagatdan iki esse ýokarlanýandyr we göwreliligiň 8-9 hepdesinde iň ýokary derejesine ýetýändir. Göwrelilik ýagdaýyny anyklanyňyzdan soň degişli maslahatlary almak üçin akuşer-ginekolog lukmanyna ýüz tutmagy ýatdan çykarmaň. Hormat bilen, saýtyň lukmany. Zenan saglygy    August 21, 2024
"Salam lukman! Gipogonadizm näme we ony bejermegiň ýollary barmy?" Saýtyň okyjysy Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy)    June 06, 2024
"Salam hormatly lukman! Men 29 ýaşymda, mende çakyza diýen kesel bar. Onuň tutan wagty gözüm garaňkylap we erbet kelläm agyryp, iýen naharlamy gaýtarýan. Çagalykda maşgala lukmanym ulaldygymça aýryljakdygyny aýtsa-da, keselim geçenok. Hiç bir lukmandan netijeli maslahat alyp bilmedim. Käwagt ýygy tutýan, käwagtlar ýylda bir- iki gezek tutýan wagty hem bolýar. Meniň ozal geçiren keselim ýok. Ýol-ulag hadysasyna sezewar bolmadym. Bu keseliň sebäbi nämedenkä?” Saýtyň okyjysy. Umumy    April 16, 2024
"Salam lukman! Meniň toý edenime 2 ýyl boldy. Aýalymda çaga galmandygy sebäpli barlaglardan geçmegi ýüregine düwdi. USB düşeninde çep we sag ýumurtgalyklaryň ikisinde hem endometrioid kista bar diýdiler: çep tarapda has ulurak – 5-6 sm, sagda biraz kiçi. Laparoskopiýa usuly arkaly kistany aýyrmagy maslahat berdiler. Emma men operasiýadan soň hem kistalaryň döräp biljekdigini eşitdim. Endometriod kistalary dermanlar bilen hem aýryp bolýarmy? Haýsy bejergi usuly netijeli bolarka?" Saýtyň okyjysy. "Biziň durmuş guranymyza 2 ýarym ýyl boldy. Toýuň ertesi güni gelnimiň garyn boşlugynda güýçli agyry döredi. USB barlagy gelnimde ululygy 2 sm bolan endometrioid kistanyň bardygyny görkezdi. Aý başysy gelmezden ozal garnyň ýellenmegi, güýçli agyrynyň döremegi, ýürek bulanma biynjalyk edýär. Aýbaşy gutarandan soň 6-8 günläp şokolad häsiýetli gan gelýär. Gelnim jynsy aragatnaşyk saklamakdan boýun gaçyrýar, çünki jynsy aragatnaşykda güýçli agyrynyň döreýändigini belleýär. Biz iki ýyldan bäri bejergi alsak hem üýtgeýän zat ýok. Gelnimde çaga galyp bilermikä ýa-da biz çagalar öýünden çaga almaly bolarysmy? Şu keseli nähili bejerip bolar?" Saýtyň okyjysy. Zenan saglygy    January 12, 2024
 "Salam Lukman. Türkmenistanda lubrikantlaryň (смазкa) giňden ýaýramandygy üçin jynsy gatnaşykda näme ulanylsa zyýansyz we ýerini tutyjy bolup biler? Mysal üçin, zeýtun ýagy ýa-da wazelin. Kömegiňiz üçin sag boluň! Işiňizde üstünlik!" Saýtyň okyjysy. ********* Jynsy gatnaşyklar    February 25, 2021
Salam hormatly lukmanlar! Men sizin saýtyňyzdaky ähli mowzuklary gyzyklanyp okaýaryn we özüme gerekli maglumatlary alýaryn. Size işiňizde üstünlik arzuwlaýaryn! Hormatly lukman! Menin gelnimiň çaga doguranyna 7 aý boldy. Ýöne heniz hem aýbaşysynyň gelmeýändigini we jyns agzalarynda gijilemäniň bardygyny aýdýar. Gijileme ony göwrelilik wagty hem biynjalyk edýärdi. Bu ýagdaýlar name sebäpden bolýaka? Saýtyň okyjysy. Zenan saglygy    August 08, 2014
Tebigat Zenany hoşboý ysly güllerden, daglaryň ak garyndan, bullurdap akýan çeşme suwundan ýasap, oňa öz reňkleriniň iň gowsuny peşgeş beren bolmaly. Zenan näz-kereşmesi, ejizligi, mähirliligi ony şeýle syrly edip görkezýän bolsa, onuň gözelligi, beden syraty erkek adamlary özüne maýyl edýär. Zenan bedeniniň gözelligi we syrlylygy şahyrlar tarapyndan wasp edilip, aýdymdyr-şygyrlarda öz beýanyny tapan bolsa-da, zenan päkligini we gyzlyk mertebesini görkezýän gyzlyk perde baradaky soraglar elmydama üns merkezinde bolmagynda galýar. Gyzlyk perde... Syrlylygyň, buýsanmalaryň, oýlanmalaryň, ynanmazlygyň, jedelleriň gözbaşy. Geliň onuň bilen baglanşykly, lukmana has ýygy berilýän soraglaryň üstünde durup geçeliň. Zenan saglygy    July 05, 2014
Salam lukman! Meniň aýbaşym gelende içim agyryp, gaýtarýaryn. Derman bilen sanjym alanymdan soň ynjalýaryn. Lukmana ýüz tutamda ol mana dýufaston, indometasin, magne B6, no-şpa yaly dermanlary içmegi belledi. Obamyzyň lukmanlary meniň entek ýaşlygym sebäpli, dýufaston dermanyny içmekden saklanmagy maslahat berdiler. Maňa şu bellenilen bejergiler kömek edip, men peýda taparmykam? Saýtyň okyjysy. Zenan saglygy    April 12, 2014
Salam lukman! Men daşary ýurtda okayan we her ýyl öye gidip okaýan ýurduma gaýdamsoň bilimiň geliş tertibi üýtgeýär. Ýöne bu gezek 4 ay bilimiň gelmändigi sebäpli ciklodinon gerdejigini kabul edemsoň aýbaşym 1 hepde geldi. Indi hem ýene 2 aýlap gelmänsoň men USB-ny geçdim. Maňa "nedostatoçnost 2 fazy" diýen kesel kesgidini goýdular. Bu nämäni aňladýarka we men nähili bejergi almaly bolaryn? Saýtyň okyjysy, Aýläle. Önelgelilik    January 10, 2014
Salam lukman. Meniň adym Mahym. 24 yaşymda, 3 çagam bar. Mana spiral goýdurmak bolanok. Sonun ucin men POSTINOR dermandan içdim. Mana bu dermany lukmanym maslahat berdi. Men indi sol dermany içmesem aybasym gelenok. Namedenka? Mana maslahat bermegiňizi haýyş edýärin. Saýtyň okyjysy, Mahym. Zenan saglygy    January 06, 2014