
Salam, hormatly lukman! Nobatdaky göwrelilik sebäpli oglumyzy laýyk 1 ýaşynda ene süýdünden aýyrmaly bolduk. Häzir ol 1 ýaş 2 aýlyk. Oglumyza esasan öz iýýän zatlarymyzdan berýäris. Özem etli naharlary gowy iýýär. Daşyndan gosmaça çaga iýmitlerini beremzok. Öz adaty iýýän iýmitlerimiz bilen bilelikde towuk etinden büzmeçeler, miwe şireleri, banan, alma, ýogurt, ýumurtga, şekerli çaý, sokolad hem onuň halaýan zatlary. Sygyr süýdüni, mannyý kaşany iýenok, halanok. Eýsem şu iýmitlendirişimiz bolýarmyka? Ene süýdünden irräk aýranymyz sebäpli indiden beýläk nähili iýmitlendirmegi maslahat berýärsiňiz? Siziň maslahatyňyza garaşýarys. Sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Erkegiň içgili ýagdaýda aýala ýanaşmagy netijesinde aýal göwreli bolsa, munuň dünýa injek çaganyň saglygyna täsiri barmy? Özem şu ýagdaý köp gabat gelýär.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman. Men 18 yaşymda bolsam-da saçlarym tiz dökülýär. Hatda 15 yaşymdakam dökülmäne başlady diyse hem bolar. Men sizden saçym dökülmez yaly, öňki saçlaryň yerine saç çykar ýaly näme edip biljegim hakda maslahat soraýaryn. Sag boluň.
Döwran.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 17 yaşymda, menin ýüzümde düwürtik örgünleri peýda boldy. Näme etse bolar? Köp adamlar bu düwürtikleriň jyns gatnaşygyndan soň aýrylar diýýär. Şu gürrüň çynmyka?
Muhammet.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Durmuşa çykmankam gyz wagtym bilim 65 santimetrdi. Durmuşa çykyp, ilkinji göwreliligimden soň garnym öňki ýagdaýyna gelmedi, ýygnanmady, halparyp sallanýar (artykmaç deri ýaly). Ýogsam ýörite guşagam daňyp gezdim, özümem semremedim hem ahyry. Ynha indem ikinji göwreliligimiň 6-njy aýynda. Nesip bolsa şundan soň çaga edinmäni bes etmekçi bolýarys. Onsoň men beden gözelligime gaýtadan ünsi güýçlendiresim gelýär. Şunda göwrelilikden soň garny öňki ýagdaýyna getirmäge ýardam berjek maslahatlaryňyza garaşýaryn. Sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Erkekleriň emjeginiň çişmesi nämedenkä? Meniň emjegim çişi 2 ýyl bäri dur, aýrylanok? Jogap bermegiňizi haýyş edýärin?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! "Кliniki ölüm" barada düşündiriş berseňiz, hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukmanlar! Saýtdaki makalalary (esasan hem jyns gatnasyklar baradaki) höwes bilen okaýarys we köp gowy maglumatlari alýarys. Olar biz üçin örän peýdaly. Sag boluň! Jynsy gatnaşyk edenimizde partnýorym menden dodak, dil, agyz bilen penisini gyjyndyrmagymy örän isleýändigini aýdýar. Özi hem garşylyklaýyn maňa-da şeýle usulda jyns organymy gyjyndyrmaga hem taýyndygyny aýdýar. Men bolsa beýle gatnaşygy birhili utanç göremsoň razylaşamok. Ýogsam erbet isem däldir belki, bilemok-da? Onsoň ol menden barha sowaşýan ýaly duýýan. Erkekler näme üçin şeýle bolýar? Men näme etsem dogry bolar? Biz biri-birimizi oňat görýäris. Maslahatyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Erkegiň tohum suwuklygyny kosmetikada ulanýarlarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Jynsy gatnaşygyñ dowamlylygy näçe wagta çekse gowy? Aýal üçin näçe uzak bolsa, sonça-da gowumy? Jyns gatnaşygynyñ dowamynda aýal bir gezek orgazma ýetse, onda ol doly kanagatlanan hasaplanýarmy ýa bu onuñ üçin az bolýarmy? Dölüñ çalt dökülmeginiñ öñüni almak üçin näme etmeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka