Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Salam, hormatly lukman! Meniň bäş ýaşly oglumyň gözleri gündiz ýa gije ýatyp turandan soň 1 minutlyk çaşarýar. Soňra ýene öňküsi ýaly bolýar. Bu ýagdaýy lukmana aýtsam, çaganyň gözi kiçi wagty şeýleräk bolýar diýip aýtdy. Dogrudanam şeýlemikä? Bu howply dälmika? Ýa başga bir lukmana ýüz tutup bejergi almalymyka? Siziň berjek jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Salam, hormatly Lukman! Men 22 ýaşymda. Men kitap okamagy halaýaryn, ýöne gözlerime aşa köp agram salmakdan gorkýaryn. Gözlere nähili maşk etmelidigini hem-de gözüň aşagynda ýygyrt bolmazlygy üçin nämeler etmelidigini maslahat berseňiz minnetdar bolardym.
Salam, hormatly lukman! Men häzir 17 yaşymda. Meniň gözüm 5 ýyyldan bäri gowy görmeýär, men daşdaky zatlary onçakly saýgaryp bilemok. Men köplenç telefona güýmenýärin.Telefona 30-40 minutdan köp güymensem, gözüm ýakyndaky zatlary hem saýgarmaýar. Öýdaki çyra seretsem, älemgoşar görünyär. Gözümin görüşi ýyl-ýyldan erbetleşýär Men äynek ulanmaýaryn.Bu howply keselmi?
Salam men bina gurluşykda işleýän. Işlän döwrümde bir demir bölegini kesip durkam, ondan kiçiräk demir bölejiginiň gyzgyn gylçagy meniñ gözümiñ garajygyñ üstünden girdi, emma garajyga ýetmän üstünde ýuka perdede saklanan eken. Men ony şol wagt lukmana görkezdim gözümden onuñ gylçagyny aýyrdy, emma onuñ giren ýerinde oýuk edip tegmil goýdy. Lukman maña gözüñe damdyrylýan derman berdi men ony damdyryp gezdim. Ýuwaşdan agyry aýrylyp bitip ugrady, gözüñ üstündäki tegmil hem aýryldy, has oñat boldy. Şondan bäri 8 aý geçdi, emma gözüm öñküsi ýaly dury görmeýär bulaşyk görýär. Men näme etsemkäm? Men ýene hiç zat bolmadyk ýaly gowy görermikäm? Näme etmelidigini maslahat bermegi haýyş edýärin. Jogabyňyza garaşan.
Menin gözümiň öňünde 10 gün bäri mele kerep ýaly bir zat gaýyp gidýär. Ol şol bir şekilde bolýar. Kitap okasam päsgel berýär. Munuň sebäbi näme? Siziň maslahatyňyz gerek.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.