Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWREDÄKI ÇAGA 5 AÝLYKKA ÝERINE ÝETIRILMELI DÜZGÜNLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwreliligiň her döwrüne mahsus bolşy ýaly, onuň 5 aýy üçin hem özboluşly üýtgemeler we özgerişlikler mahsusdyr:

1. Geçen aýlarda bolşy ýaly, häzir hem beden ganynyň umumy mukdary onuň suwuk (plazma) böleginiň hasabyna köpelýär. Şunuň bilen birlikde gan öýjükleriniň umumy mukdary, ylaýta-da eritrositleriň hem-de olary düzüji gemoglobiniň peselmegi ýüze çykýar. Bu ýagdaýy göwreliligiň fiziologiki gan azlygy diýip atlandyrylýar. Bu döwür üçin ol kadaly ýagdaý bolsa, öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň. Bedene hakykatdan hem demir mineralynyň ýetmeýän halatlaryny ýüze çykarma üçin lukman birnäçe goşmaça barlaglary geçirer.

2. Progesteron gormonynyň täsiri netijesinde beden baglaýjylary we bogunlary gowşak bolup, bu ýagdaý bilde, el-aýaklarda agyrylaryň döremeginiň sebäbi bolup biler.

3. Eger bu Siziň birinji göwreliligiňiz bolsa, Siz 18-20-nji hepdeden çaganyň birinji gymyldylaryny duýup başlarsyňyz. Birinji gezek duýulýan gymyldylary kim kebelegiň uçuşyna meňzetse, başgalar balyjaklaryň ýüzüşine meňzedýär.

4. Ulalýan ýatgynyň aşgazany başýanlygy sebäpli, aşgazan şiresiniň gyzylödege zyňylmagy netijesinde Sizi sarynyň gaýnamagy biynjalyk edip biler. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin agyr bolmadyk iýmiti az-azdan, ýöne çalt-çaltdan kabul etmäge, nahardan soň ýatmakdan ýa-da köp egilmekden saklanyň. Eger berhiz kömek etmese, ýörite serişdeleri (antasidleri) kabul etmek üçin lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

5. Bu möhletde ýene bir alamat – süýt mäzlerden sarymtyl, ýarym dury suwuklyk-owuz süýdi (moloziwo) bölünip çykyp biler. Ony arassa süpürgiçler bilen süpürip aýryň. Süýt mäzleri basyp, ony aýyrmakdan saklanyň, çünki emzikleriň gyjyndyrylmagy ýatgynyň gysylmagyna getirip biler.

6. Düwünçegiň süňk we myşsa ulgamynyň ösmegi üçin, Siziň bedeniňizde kalsiniň köp mukdarynyň sarp bolmagy mümkin. Kalsiý ýetmezçiliginiň (süňk agyrylary, aýaklaryň myşsasynyň dartylmagy) öňüni almak maksady bilen, lukmanyňyzyň maslahatyndan soň, kalsiý gerdejiklerini kabul ediň.

7. Bu möhlet nobatdaky ultrases barlagyny geçmegiň wagtydyr. Ultrases barlagy çaganyň içki agzalarynyň gurluşyny, onuň beden ölçegleri, çaga ýan suwlarynyň mukdary we häsiýeti, çaga ýoldaşynyň düzümi, galyňlygy barada maglumat berip biler. Eger görünse, bu möhletde çaganyň jynsyny hem anyklamak başardar. Göwrelilik döwrüniň aýratynlyklary barada has doly maglumat almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwrelilik döwrüniň kynçylyklary", "Göwrelilik we jynsy gatnaşyklar", "Göwredäki çaganyň aýlar boýunça ösüşi" atly makalalar bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

  • 6652 gezek okalan