Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GELNIMIŇ DOGRUMDAN SOŇ JYNSY ISLEGI AZALDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (6 Ses)

"Salam lukman! Men 26 ýaşymda, gelnim 24 ýaşynda. Çagamyzyň doganyna 8 aý bolsa hem, biziň jynsy gatnaşygymyzda aýalym tarapdan öňki ýaly isleg ýok. Gatnaşykdan öňki ýaly lezzet almaýar. Onuň sebabi nämekä we muny düzedýän derman barmyka? Ýa-da wagtyň geçmegi bilen özi gowulanarmyka?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Ginekologlaryň bellemegine görä, çaga dogumyny başyndan geçiren aýalyň jynsy gatnaşyga bolan höwesi 6-8 hepde bilen 3-4 aý aralygynda dikelip bilýändir. Ýöne bu anyk berlen sene bolman, aýalyň endokrin ulgamynyň ýagdaýyna, dogumyň geçişine, dogum ýollarynyň şikeslenmelerine, aýalyň dogumdan soňky ýaşaýyş düzgünine juda bagly bolup durýar. Dogum ýollaryna düşen şikeslenmeler, olaryň berýän ynjalyksyzlygy, dogumdan soň aýalyň üýtgän ýa ýarsan bedeni we ondan ýoldaşynyň öňünde utanmagy jynsy gatnaşyklara bolan höwesi üýtgedip biler. Esasy bellemeli zat hem, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmäge mümkinçilik berýän prolaktin gormony ýumurtgalyklarda aýal gormonlarynyň işleýşini basyp, jynsy höwesi peseldýär. Şeýlelikde, tebigat aýaly enelige we çaga bilen has ýakyn ysnyşyga taýynlaýar.

Dogumdan soň çaga ideg etmek we öý işlerine ýetişmek aladasy hem aýalyň fiziki taýdan ýadamagyna getirip biler. Dogumdan soň aýalyň ýoldaşynyň we ýakyn adamlarynyň çaga seretmekde kömek bermeleri wajypdyr.

Siz hatyňyzda aýalyňyzyň dogrumynyň geçişi we dogrumdan soňky ýagdaýy barada habar bermeýärsiňiz. Aýdylanlardan ugur alyp, size we aýalyňyza indiki maslahatlary berip bolar :

↪ Aýalyňyzyň dogumdan soňky ýagdaýyna we jyns agzalarynyň ýagdaýyna baha bermek üçin ginekolog lukmanynyň maslahatyny almak hökmandyr. Dogumdan soň dogum ýollarynyň myşsalaryny berkitmek üçin ýörite düzülen Kegeliň maşklaryny yzygider ýerine ýetirmek peýdalydyr.

↪ Aýalyňyzy açyk gürrüňdeşlige çagyrmak wajypdyr. Bu barada söhbet etmek aýalyňyzy biynjalyk edýän içki aladalara, onuň pikirlerine düşünmäge kömek edip biler. Belki, jynsy gatnaşygy belli bir ýagdaýda geçirmek onda agyry döredýändir ýa-da çaganyň aladasy bilen size üns bermäge wagt we güýç tapýan däldir. Belki-de dogumdan soňky jynsy agzalarda we endokrin ulgamynda bolýan üýtgemeler aýalyňyzyň bedeninde täze erogen (duýgur) nokatlary gözlemegi talap edýändir. Aýalyňyzy diňläň we goldaw beriň!

Eger wagtyň geçmegi we aýalyňyzyň gormonal durkunyň kadalaşmagy bilen ýagdaý üýtgemese, onda has anyk we giňişleýin barlag üçin seksopatolog lukmanyna ýüz tutup bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2432 gezek okalan