Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (6 Ses)

Hormatly lukman! Men ýanwar aýynyn 8-ne elin bilek süňki diýilýän ýerinde iki süňkimi hem döwdürdim. Soňra 2 sagatdan trawmotologiýa merkezine bardym. Elimi operasiýasyz bejerip bolmaýandygyny aýtdylar. 5 gün geçenden soň operasiýa etdiler. Elim soňra gowy boldy. Süňki berkidiji demir dakdylar. 15 günden soň hassahanadan elim 10 günlik gips bilen çykdym (hassahanada wagtym fiziobejergi hem aldym), sebäbi tikinim gowy bitmändi. Soňra 10 günde gowy bitdi. Şeylelikde, öýde nerw üçin bejergi aldym. Soňra elime 1,5 aýlyk gips dakdyrdym. Häzir elim agyranok. Ýöne başam barmagym içine tarap hereket edenok, daşyna hereket edýär. Hemem elim ýokary galanok. Näme maslahat berip bilersiňiz?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2809 gezek okalan

AÝAGYŇ DOŇMALARYNYŇ SEBÄBI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (11 Ses)

Hormatly lukman! Meniň ejem 50 ýaşynda. 1 ýyl gowrakdan bäri aýagy agyryp uzak ýöräp bilenok. Bir-azyrak ýörese ýa-da aýak üstünde dursa: "aýagym doňup agyrýar" diýýär. Geçen tomus barlatdyk, şonda lukmanlar bilinde gryža bar diýdiler. Şol hem aýaga barýan damarlary gysýar diýip aýtdylar. Şondan soň bejergi hem aldy, ýöne peýda bermedi. Entegem şol agyryny çekip ýör. Bize näme etmelidigini maslahat bermegiňizi haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3976 gezek okalan

BILIM NÄME ÜÇIN AGYRÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.89 (9 Ses)

Hormatly lukman! Meniň bil agyrym bar. Onuň sebäbi hem, men 4 ýyl mundan öň ýol heläkçiligine uçradym we şondan soňra 1 ýyla golaý hassahanada ýatmaly boldum. Hassahanadan çykanyma 3 ýyl boldy. Şu wagta çenli bil agyryny duýmadym. Ýene soňky 2 aý töweregi bil agyrym bildirip başlady. Ýöremegim, dem almam kynlaşdy. Siz maňa nähili maslahat berip bilersiniz?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2954 gezek okalan

AÝAGA ÇÜMEN TIKEN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

Hormatly lukman! 5 aý mundan öň aýagyma tiken çümdi. Tikeniň giren yzy ýok, ýöne şol ýerde çiş döräp gatap galdy. Maňa ýerlikli maslahat beräýiň.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2556 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

Salam hormatly lukman! Men 21 yaşymda, jynsym erkek. Menin aýagymyň bogunlarynda hereket eden wagtym şykyrdaýan şekilinde ses çykýar. Ayratyn hem yatyp, iki ýana öwrülen wagtym çatalbamda şeýle ses döreýär. Mundan 6 ay öñ diňe sag aýagymdaky çatalbada şeyle ses bolyardy. Şol wagt kän bir üns beremokdym. Indi bolsa iki aýagymyn çatalbasynda şykyrdaýan ses döräp, aýagym çykyp giden ýaly bolýar. Çep aýagymda agyrylar peýda bolup, Diklak-gel dermanyny hem ulandym. Ýöne peýdasyny onçakly duýmadym. Meni biynjalyk edýän bu alamatlar näme sebäpden döreýärkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3197 gezek okalan

BILIM AGYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.27 (11 Ses)

Salam lukman! Menin 3-4 aý bäri bilim agyrýar. Etrap hassahanasyna baryp barlagdan geçemde hiç hili keseliň ýoklugyny aýtsalar hem, sanjym hem-de gerdejik görnüşde bejergi berdiler. Emma agyry galyberenok. Bilimde, esasan calaja egilip duran wagtlam (koplenc el-yüz ýuwan mahalym) ýyldyrym çakan yaly bolyar we duran yerimde ýykylyp galýaryn. Ençe wagt tekiz ýerde arkan yatamdan soňra ýagdaýym gowlaşýar. Siziň pikiriňizçe, meniň bilim näme sebäpden şeýle agyryp bilerkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3430 gezek okalan

SAG PILÇÄNIŇ TÖWEREGINDÄKI AGYRY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Salam Lukman! Mende soňky 1 ýyl töweregi sag pilçämiň myşsalarynda agyry bar. Beter agyryp baranok, ýöne hiç aýrylyp hem gitmeýär. Meselem, dik durup boýnumy öňe we aşak doly egsem, agyrýar, şol myşsalar dartylýan ýaly. Özem birhili ýiti agyry döreýär. Muňa näme sebäp bolduka we nädip agyrsyny aýryp bolarka? Men öň şol tarapyma ýassyga ýaplanyp kompýuteriň başynda köp oturýadym. Göwnüme bolmasa, agyrylar şol wagt başlanan ýaly.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3235 gezek okalan

AGYRYLY ÖKJE ÖSÜNTGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Salam hormatly lukman! Meniň ejemiň ökje süňki etiniň içine ösyär, onuň yöremesi gaty kyn, ökjesi agyryar. Şeyle yagdayda näme etmelikä? Maslahatyňyza mätäç. Sag boluň!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4252 gezek okalan