Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Akuşer-ginekolog lukmanlary dogumdan soňky birinji dört-alty hepdäniň dowamynda jynsy gatnaşykdan saklanmagy maslahat berýärler. Dogumyň geçişine baglylykda bu möhlet her aýalda dürli dowamlylykda bolup biler. Bu döwürde ýatgynyň uly ölçegde bolup, onuň nemli gatlagynyň dikelmä mätäçligi we gelýän ganly bölünip çykmalar oňa ýokançlyklary düşürme howpuny ýokarlandyrýar. Ýaňy dogumy başyndan geçiren aýalyň önelgelilik agzalary dikelip, fiziki we emosional saglygy kadalaşýança jynsy gatnaşyklary geçirmezlik dogry hasaplanýar.
Şu ýylyň iýulynda, ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Roe v Wade aborta rugsat berýän dawasyna täzeden garady we aborta bolan konstitusion hukugy ýatyrdy. 2020-nji ýylyň güýzünde, Polşa hem abort gadagançylygyny girizipdi. Şeýle tendensiýalar bütin dünýädäki adam hukuklaryny goraýjylary ynjalyksyzlandyrýar.
Abort örän jedelli mesele. Käbir adamlar aborty her bir aýalyň esasy hukugy hasaplaýarlar. Käbirleri ony çaga öldürmäge deňeýär we abortyň önelgesizlige eltýändigine ynanýarlar. Beýlekiler bolsa, abortyň filosofiki we dini taýdan etika dogrylygyny ýa nädogrylygyny soraglaýarlar.
Aýal öz göwreliligi barada bileninden soň durmuşy endiklerini, ýaşaýyş düzgünini öz täze ýagdaýyna görä uýgunlaşdyrmaly bolýar. Işlemek meselesi hem bu döwürde esasy seredilmeli ýagdaýlaryň biri bolýar, çünki göwrelilik bilen işlemegi utgaşdyryp bilmezlik ýa-da göwrelilige işleme bilen bagly ýetirilip bilinjek howp baradaky gorkular göwreli aýaly az alada goýmaýar.
Dogurumdan öňki we soňky iýmit ýetmezçiliginiň beýniniň gurluşynda we işleýşinde uzak möhletli üýtgeşmelere sebäp bolup, çagalykda we ýetginjeklikde ýatkeşlik hem-de öwreniş bozulmalaryna eltip biljekdigini öňki barlaglar görkezipdi.
Alymlar dünýäde millionlarça çaganyň wagtyndan öň we pes agramly dogmagynyň hapa howanyň uzak wagtlyk täsiri bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar.
Ýer ýüzünde hapa howa sebäpli ýylda ortaça ýedi million adam ölýär. Täze barlag işlerine görä, howanyň hapalygy diňe bir ýer ýüzündäki ähli adamlaryň saglygyna howp salman, eýsem heniz dünýä inmedik çagalaryň saglygyna hem howp salýar.
Lukmançylyk resminamasynda bellenilşi ýaly, medikamentoz abort Saglyk öýlerinde lukmanlaryň gözegçiligi astynda geçirilmelidir we abortyň geçişi näsagyň lukmançylyk kartasynda beýan edilmelidir.
Ünsüň ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromy (ÜÝAHS) – merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagy netijesinde ruhy we emosional ösüşiň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýdyr. Beýnide noradrenaliniň we dofaminiň ýetmezçiligi netijesinde ünsüňi jemleme, çözgüt tapma ýaly endiklere jogapkär merkezleriň beýni öýjükleriniň arasynda aragatnaşyk bozulýandyr.
Dünýäde, statistika boýunça gyzjagazlar bilen deňeşdirlende, oglanjyklarda 3 esse ýygy duş gelýär.
Preeklampsiýa – gan basyşynyň ýokarlanmagy we peşewde belogyň döremegi bilen häsiýetlendirilýän, göwreliligiň 20 hepdesinden soň döreýän ýagdaýdyr. Ol bedende çişleriň döremegi we beden agzalarynyň utgaşykly bozulmalary bilen birlikde hem döräp bilýändir.
Dogabitdi merezýel (sifilis) – bu keselli enäniň göwrelilik döwründe ýokançlygy çagasyna geçirende döreýän keseliň görnüşidir.
Dogabitdi merezýel çaga nähili täsir edýär?
Dogabitdi merezýeliň çaganyň saglygyna çynlakaý, ýaramaz täsiri bar. Keseliň bäbejikleriň saglygyna ýetirýän täsiri enede sifilisiň dörän möhletine we ýokançlyga garşy bejerginiň alnyşyna ýa-da keseliň bejerlen wagtyna baglydyr.
↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam utansyn we özünden gowy çagalardan görelde alsyn.
↪ Çaganyň düşünişi: Iliň çagasyny menden gowy görýärler. Men hiç kimçe ýok. Dogulmadyk bolsam gowy bolardy.
↪ Zyýansyz ýoly: Çagaňyza başarnyklaryna guwanýandygyňyzy bildiriň we gowşak taraplary barada ony hiç kime deňemän gürrüň ediň. Ondan kynçylyk çekýän zatlary barada soraň we hemişe kömege, goldawa taýýardygyňyzy düşündiriň.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.