Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Çaga aýrylmasy (düşmesi) göwreliligiň dowamynda bäbegiňi ýitirmegiň iň köp ýaýran sebäbidir. Bu barada dürli statistikalar bar. "March of Dimes" atly enäniň we çaganyň saglygy ugrunda iş alyp barýan gurama özleriniň göwrelidigini bilýän zenanlarda çaga aýrylmasy 10-15% deň diýip habar berýär. Bäbegiňi ýitirmek dünýäniň her ýerinde her hili kesgitlenýär, ýöne umuman alanyňda göwreliligiň 22-nji hepdesinden öň düşýän düwünçege "çaga aýrylmasy" diýilýär. 22-nji hepdede ýa-da ondan soň ölýän çaga bolsa, "çaganyň öli dogulmasy" diýilýär. Her ýyl 2.6 million çaga öli dogulýar we bu ölümleriň köpüsiniň öňüni almak mümkindir. Emma çaga aýrylmalary we öli dogulmalar hatda ösen döwletlerde hem yzygiderli we takyk sanawa alynmaýar. Bu bolsa sanlaryň has hem ýokary bolmagynyň mümkindiginden habar berýär.
Göwreli aýallaryň köpüsi göwreliligiň ilkinji günlerinden başlap iýmit islegleriniň üýtgeýändigine üns berýärler. Eger öň aýal balygy halamaýan bolsa, häzir her gün diýen ýaly oňa işdämenlik bilen ýapyşýar. Kä aýal gök önümleri köp iýmäge isleg bildirse, käbiri diňe etli nahara höwesek bolýarlar. Meniň goňşym Aýtäç üçünji gezek çaga garaşanda ürç edinip gaýnadylan mekgäni iýmäge islegi köp boldy. Süýtlidir, şekerli saryja, däneleri digir-digir mekge böleklerini alyp gelýän Aýtäji göremizde: "Şäheriň hemme mekgelerini alyp gutardyň" diýip degişýärdik.
Okuw ýylynyň öňsyrasynda oglumyň kitaply torbasyny göterip onuň agyrlygyna geň galdym. "Beýle agyr torbany göterip arkaňy agyrdaýma! Bu azyndan 5 kilo barla! Partadaşyň bilen gepleşip, getirilmeli kitaplary böleşseňiz bolmaýarmy?" diýip ogluma ýüzlendim.
Mekdep okuwçysy bütin gün okuw torbasyny (rýukzagyny) göterip gezende, siz onuň agyrlygynyň bedene ýetirýän zyýany barada pikir edýärsiňizmi? Kadada içi okuw esbaply okuw torbasynyň agramy çaganyň öz agramynyň 10%-den ýokary bolmaly däl. Ýöne gündeki alynmaly kitaplaryň, depderleriň, umumy depderleriň, galamdyr-ruçkalar salynýan penalyň agramyny göz öňüne tutaňda, bu kadadan çykman saklanma kyn bolýar. Onuň üstesine, mugallym goşmaça umumy depderi tutmagy talap etse ýa-da okuwdan daşary edebiýaty getirmegi tabşyrsa, garbanmak üçin iýmit ýa-da içmäge arassa suw almakçy bolsaň torbanyň agramlylygy has hem artýar.
Çaganyň dünyä inmegi – her bir zenan üçin gaty jogapkär pursatlaryň biridir. Olar göwreliligiň bütin döwrüni: "Dogrum nähili geçerkä?" diýen alada bilen geçirýär. Dogrumyň kadaly geçmegi üçin geljekki ene özüni dogry alyp barmagyň düzgünlerini bilmelidir.
Çaganyň dünýä inmegi üçin özüni psihologiki taydan taýýarlamak – esasy düzgünleriň biridir.
Dogrum üç döwürden ybarat: burgy, çygylma towlary, çaga ýoldaşynyň dogulmagy. Şol döwürleriň geçişi, aýratynlygy, agyrlylygy her zenanyň beden aýratynlygyna, saglygyna bagly bolýar.
Eje bolmaga garaşýan her bir göwreli zenan sagdyn çagany dünýä indirmek üçin witaminlere we mikroelementlere baý bolan iýmitleri iýmäge, bedenine ýakymly eşikleri geýmäge, ýakyn hossarlaryndan bolsa söýgä we kömege garaşýar. Ýöne garyndaşlarydyr, joralary geljekki enäni "muny iýmek bolanok, ony etmek bolanok" diýip, birtopar alada goýýarlar. Aslynda ata-babalarymyzyň aýdyp geçen nakyllaryna salgylansak "Görk agyzdan" diýmändirlermi?
Biziň ene-mamalarymyzyň uýan yrymlary şu günlere çenli ýetirilipdir. Bu yrymlar lukmançylyk jähtinden düşündirmesi kyn bolan düşünjeler bolsa-da, olary halkyň özi belli-belli ahwalatlary düşündirmäge synanyşmak üçin döredipdir. Göwrelilik döwri we çaga dogumy aýal üçin aýratyn syrly hasaplanypdyr we şol döwürde aýalyň aýratyn gorag-idege mätäçligini görkezmäge synanşylypdyr. Göwrelilik döwri bilen bagly bolan ýörgünli yrymlaryň birnäçesini siziň dykgatyňyza ýetirýärin:
Sonky wagtlarda "Raýatlyk dogruma ýanýoldaşynyň gatnaşmagy zerurmy?" diýen soraglar köp ýüze çykýar. Biziň döwletimizde raýatlyk dogrumy bar we oňa aýal maşgalanyň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Şuňa zenanlaryň özleri hem garşy däl, sebäbi dogrum wagtynda ýanýoldaşynyň özlerini perişan halda görmeklerini islänoklar.
Raýatlyk (Ony "hossarly ýa-da ýoldaşly dogrum" diýip atlandyrsa hem bolar) dogrumy – bu dogurýan zenanyň iň ýakyn, ynamdar hossarynyň ýagny ejesi, dogany, jorasy ýa-da daşary ýurtlarda bolşy ýaly psiholog lukmanynyň, ýörite taýýarlykly aýalyň (dulanyň) dogruma gatnaşmagyna aýdylýar. Hossaryň esasy wezipesi – burgy towy başlanandan, tä çaga dogulýança zenana kömek edip dogrumyň ýeňil geçmegini gazanmakdyr.
Göwrelilik – bu hem iň bir ajaýyp döwür, hem-de gelin bilen ýoldaşynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan iň uly buşlugydyr. Bu döwürde şatlykdan we umytdan dolarsyňyz. Täze meýiller düzersiňiz we çagaň aladasy birinji orna geçer. Eje-kaka bolmak duýgusynyň ornuny hiç zat tutmaz. Durmuşa has dogumly bakarsyňyz we nirededigiňiz hem nirä barýanyňyz has aýdyňlaşar.
Bäşinji hepdede körpejäniň ýürek urgusy eşdilip başlar. Onuň ylmy ady embriondyr, emma siz oňa "balam", "oglum" we "gyzym" ýaly özüňize tanyş atlar bilen ýüzlenersiňiz. Çünki ol siziň çagaňyz we siz oňa dünýädäki hemme zatdan beter garaşýarsyňyz.
Göwrelilik – bu diňe bir bedeniň fiziologiki ýagdaýy bolman, uly bir jogapkärçiligi talap edýän ýagdaýdyr. Sagdyn çagany dünýä indermeklik üçin onuň göwrede galan ilkinji günlerinden aladasyny etmelidigi hemmä mälim bolsa gerek. Hut şu jähtden ugur alyp göwrelilik döwründe enede döreýän ýokanç we beýleki keselleri dogrusynda, çaga garaşýan islendik ene-ata bu baradaky maglumatlar bilen tanyşmalydyr. Şeýle keselleriň biri hem toksoplazmoz ýokançlygydyr.
Toksoplazmozyň ýokuşma ýoly
Toksoplazmoz bu adamlaryň we haýwanlaryň mugthorly keseli bolup, ony ýönekeýje mugthor – Toxoplasma gondii döredýändir. Köplenç halatda bu kesel adam bedeninde hiç hili alamatlary yüze çykarmaýar, käbir ýagdaýlarda bolsa edil dümewiň alamatlary ýaly bolup geçýär.
Göwrelilik döwründe aýalda biynjalyklyk we kynçylyk döredýän ýagdaýlara babasyl keseliniň döremegi hem degişli edilip bilner. Has takygy göwrelilik bu keseliň döremegine ýa-da beterlemesine sebäp bolup biler.
Statistiki maglumatlara görä, bu kynçylyga göwreli ýa-da dogrumy geçiren aýallaryň 50-75%-i sezewar bolýandyr.
Döwürdeş aýallar öz gün tertibini kofe içgisiz göz öňüne getirip bilmeýärler. Kofe günüň başlangyjynyň, dost-ýarlar bilen duşuşyklaryň hemrasy bolup hyzmat edýär. Öndürijiler kofe içgisiniň dürli görnüşlerini öndürýärler, biz bolsa olaryň datly tagamyny datmaga howlugýarys. Häzir dükanlaryň tekjesinde üwelen, däneli, granulirlenen, ereýän kofe içgisine duşmak bolýar. Bu içginiň taýynlanşynda goşulýan goşundylar bolsa öz köpdürliligi bilen tapawutlanýar: süýt, buzgaýmak, limon, korisa, hat-da gyzyl burç bilen hem.
Köp lukmanlar bu içginiň peýdaly, ýaramly häsiýetlerini belleýärler:
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.