Eger näsag özüni gödek we adamkärçiliksiz alyp barsa, lukmanyň maslahatlaryny berjaý etmese, ýa-da lukmany kemsitse, maşgala lukmany oňa seretmekden boýun gaçyryp bilýärmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Eger näsag tiz kömege mätäç däl bolsa, haýsydyr bir sebäbe görä lukman oňa seretmekden boýun gaçyryp bilýärmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Suw çilimi (kalýan) – sorulýan tüssäni sowatmaga we çyglandyrmaga mümkinçilik berýän, çilim çekmek üçin niýetlenen gapdyr. Çykýan tüssäni süzmek üçin suw çilimine suw, çakyr ýa-da özboluşly tagam almak üçin başga taýynlanan suwuklyklary guýýarlar. Suwly gaba turbajyk sokulyp, ondan tüsse suwa barýandyr we başga turbajykdan çykarylyp tüsse çilim çekýäniň öýkenine düşýändir.
Jogaby oka
Türkmenistanda atalar hem çaga seretmek üçin rugsat alyp bilýärlermi? Eger şeýle bolsa, nähili dokumentler gerek?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Hormatly administrator, hormatly lukmanlar, hormatly saýtyň beýelki işgärleri!
Men tüýs ýüregimden size minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bizde beýle saýtyň bardygyna gaty begenýän. Halkymyza gaty gowy kömek edýändigiňiz üçin size sagbolsun aýdasym gelýär. Şeýle saýtlaryň köpelmeginiň tarapdary men, size-de işleriňizde üstünlik arzuw edýärin.
Polat
{KomentoDisable}
Hormatly lukman! Biziň oglumyz 3 aýlyk. Ene süýdünde stafilokk tapyldy we biz emeli süýde geçdik. Ejesiniň süýdi inýär. Ol emdirmedik ýagdaýynda ejesine zyýanlymy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Takmynan 4-5 ýyl mundan öň habar beriş serişdelerinde, edebiýatlarda "transgender", "transseksual" sözleri köp eşdilip başlady. Olar kimler?
Doglan çaganyň jynsy ol ýa-da bu jynsa degişli alamatlar bilen kesgitlenýär we ol hromosomlaryň belli bir topary we gormonlaryň belli bir deňagramlylygy bilen dünýä inýär. Ýöne bu adamynyň gurluşyna we bedeniň kadaly işlemegine täsir edýändir. Adamynyň aňyna, ruhy dünýäsine, psihiki ösüşine bolsa jemgyýet köpçüligi we onuň medeniýeti uly täsirini ýetirýändir.
Jogaby oka
Häzirki wagtda dünýä derejesinde ilkinji geçirlen kesarewo kesimi operasiýasyndan soň özbaşdak dogrumlaryň sany köpelýär we bu ýagdaýa adatdan daşary hadysa ýaly seredilmeýär. Günbatar alymlary ýatgysynda tyg yzy bolan göwrelileriň 60%-den 80%-ne çenlisiniň öz we çagasynyň saglygyna howp salmazdan özbaşdak dogrup biljekdiklerini subut etdiler. Russiýada häzirki wagtda ýatgyda tyg yzly göwrelileriň 30%-iň dogrumy tebigy ýol bilen geçirildi.
Jogaby oka
"Hormatly lukman! Meniň üçin şu soraga jogap tapmak wajyp bolup durýar. Meniň ujydymyň gönelen wagty uzynlygy 10 sm. Bu kada laýykmy?"
Saýtyň okyjysy.
"Salam lukmanlar! Meniň eşidişime görä, erkek ujydynyň ortaça kadaly uzynlygy 11-14 sm. bolmaly. Lukmançylykda haýsy uzynlyk kada hasaplanýar?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Lukmanlaryň aydyşyna görä, arkan ýatmak öýkeniňe zyýanly, ýüzün ýatmak içegeleriňe zyýanly. Çep gapdalyňa ýatmak ýüregiňe zyýanly. Sag gapdalyňa ýatmak bagryňa zyýanly. Haýsy ýagdaýda ýatmak dogry?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka