Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
"Salam lukman! Gyz jyns agzalaryny gyjyndyryp sypalanda gyzlyk perdesine zyýan ýetirip bilermi?"
"Hormatly lukman! Men durmuşa çykmadyk gyz. Jynsy gatnaşygy başlamok. Ýöne jyns agzalaryny sypalap, gyjynma endigi mende döredi. Degişli maglumat çeşmelerinden bu ýagdaýyň "masturbasiýa" diýip atlandyrylýandygyny bildim. Ol endik meniň durmuşa çykyp, çaga dogurma mümkinçiligime zyýanyny ýetirip bilermi?"
"Salam saýtyň lukmanlary? Durmuşa çykan aýalyň masturbasiýa bilen meşgullanmagy zyýanmy? Onuň meniň adamym bilen gatnaşyklaryma zyýanyny ýetirmegi mümkinmi?"
Sen egindeşleriň ýanynda özüňi elmydama rahat duýýarmyň? Olaryň diline düşmezlik üçin okuwa ýa üýşmeleňe gidesiň gelmedik wagtyny ýadyňa sal. Belki bu ýagdaý seniň öz başyňdan geçen däldir, ýöne ýa özüň ýa dost-joralaryň başga biriniň üstünden gülüp görensiňiz.
Lakam dakmak, masgaralamak, ýaňsylamak, agzyna öýkünmek, badak atmak – ýönekeý göz bilen seretseň bu hereketler ýaşlaryň arasynda adaty zat ýaly bolup görünýär. Emma welin, bularyň hemmesi zyýansyz däldir. Hut şular ýaly, ilkibaşda adaty bolup görnüp, soňra ula ýazýan "üns alamatlary" sebäpli müňlerçe ýaşlaryň okuw, dostluk we şahsy durmuşy zaýalanýar.
Ýoldaşy bilen 2 ýyl ýaşaşyp aýrylyşyp gelen aýal doganym bilen ilkinji gezek ýakynda şahsy gürrüň etdim. Ol ene-atamyzyň närazylygyna garamazdan gaçyp gidipdi. Ol maňa munuň sebäbini "Men ejem dagy söýgä düşünmeýärler diýip pikir etdim. Maňa Guwanç öýmüzde görmeýän söýgimi we mährimi beripdi" diýip, düşündirdi. Meniň üçin bolsa biziň ene-atamyz dünýädäki iň mähirli, iň düşünjeli ene-atalardy. Olar bizi hiç kimden kem etmän ulaltdylar. Bizi ylym-bilim almaga höweslendirdiler. Bize ellerinden gelen terbiýäni berdiler. Meň üçin olaryň bize bolan yhlasy we azaby olaryň söýgüsidi. Aýal doganym üçin bolsa söýgi ýürekdeşligi we yzygiderli ýakymly sözleri hem öz içine almalydy.
Islendik gatnaşyklarda bolşy ýaly, jynsy gatnaşyklarda hem özara ynamlylyk, biri-biriň duýgularyny we talaplaryny sylamak, diňlemek wajypdyr. Goragly jynsy gatnaşyklar – sagdyn gatnaşyklardyr. Biri-biriň goraglylygyny üpjün etmek üçin bolsa ýatakhanada şeýle gürrüňdeşligiň bolmagy ähtimaldyr.
Ýokardaky "gutlag sözleri" türkmen maşgalalarynyň köpüsinde bolşy ýaly, ikinji gyzym bolansoň maňa-da aýdyldy. Ene hökmünde, gyz çagalaryň ikinji derejeli görülmegi meni juda gynandyrýar. Türkmen jemgyýetinde bu ýagdaýy öwrenýän sosiologiki derňewler ýa-da statistiki sanlar bolmasa-da, herimiz öz maşgalamyzda we tanaýanlarymyzyň maşgalalarynda oglan çaganyň gyz çagadan göz-görtele ileri tutulýandygyny görýändiris. Erkek jynsyna çenden aşa buýsanylýar, olaryň gowy şertlerde ýetişmekleri we durmuşda islän arzuwlaryna ýetmekleri üçin mümkinçilik döredilýär, emma welin, gyz çagalarymyza gezek gelende, men olar bilim almakda, islän kärlerini we geljeklerini saýlamakda oglanlar bilen bir hatarda deň mümkinçiliklere eýe däl diýip pikir edýärin. Men özümiň we tanyşlarymyň tejribesini göz öňüne tutup, oglan çaganyň öňe sürülmeginiň 3 sany sebäbiniň üstüni açdym.
"Erkekler ejizlemeýärler. Olar misli galaýy ýaly berk." diýýärler. Jemgyýet erkek adamlara hemişe örän berk talaplary bildirýär – ol maddy taýdan garaşsyz we jemgyýetde saldamly orny eýelemeli, maşgalabaşy bolmaly we gowşaklygy, ejizligi bildirme oňa hiç haçan rugsat berilmeýär.
Aýallar bilen deňeşdirlende, olaryň emosional taýdan has durnuklylygyna we nerw ulgamynyň başgaça işleýändigine garamazdan, erkeklerde hem emosional keşbiň peselmegi, ruhyçökgünligiň ýüze çykmagy ýaly ýagdaýlar döräp bilýändir.
Jynsy ýokançlyklar – bu sözleri eşidenimizde inimiz tikeneklemeýänimiz az-azdyr. Olaryň gorkunç suratlary görkezilýär we ölüm howply alamatlary barada köp gürrüňler edilýär. Jynsy ýokançlyklaryň gorkunç taraplaryna şeýle köp üns berilýärkä, sen nämäniň hakykat, nämäniň ýalandygyny nädip bilmeli? Dogry maglumaty nireden tapmaly? Özüňi nädip barlatmaly? Biz bu gün bu kynçylykdan çykalga hökmünde toslama bilen hakykaty aýyl-saýyl etdik. Bu saňa nädip sagdyn we rahat ýaşamaga, indiki gezek jynsy ýokançlyklar barada eşideniňde bolsa howatyrlanmazlygyňa kömek eder.
Toslama: Eger sende jynsy ýokançlyklaryň alamatlary ýok bolsa, onda sende jynsy ýokançlyklar ýokdur.
Meniň öňümde oturan gelin durmuşa çykandan soň birinji gezek aýal lukmanynyň maslahatyny almak üçin gelipdi. Ýüzüni aşak salyp, utanyp we çala ýylgyryp maňa arzyny aýtmaga ymtylýardy: "Meniň aýal ugrum agyrýar we hapa gelýär. Aýbaşydan soň ol ýerde agyrylar has hem güýjeýär". Men onuň "aýal ugrum" diýip atlandyrýan ýerini, şonuň ýalyda onuň agyrýan ýerlerini aýdyňlaşdyrmak üçin sorag berýärin we aýallaryň aglaba böleginiň aýal jyns agzalaryny dogry atlandyryp bilmeýändigine göz ýetirýärin. "Aýal ugrum, aşagym" diýen ýaly salgy beriji sözleri ulanyp umumylaşdyrýarlar, ýöne bu agzalary atlandyrýan sözleriň bardygyny bilmeýärler. Tersine, näme üçindir halk arasynda zenan jyns agzalaryny kemsidiji paýyş sözleri ulanmak has ýörgün bolup, ol sözler bolsa hemmelere mälimdir.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSSG) özüniň ähli agza ýurtlaryny teniňi satmak işini jenaýat hasaplamagyň we şu iş bilen meşgullanýan aýal, erkek we transgender adamlara garşy kada-kanunlary adalatsyz ulanmagyň bes edilmegine çagyrýar. BSSG-niň bellemegine görä, tenini satyp gazanç edýän adamlara garşy fiziki, jynsy, psihologiki we emosional zorluklar we gorkuzmalar giňden ýaýran.
BSSG häkimiýetleri tenini satýan adamlar bilen adam hukuklarynyň, adam mertebesine hormat goýmagyň esasynda iş alyp barmaga çagyrýar hem-de "Diskriminasiýalary bes etmeklik tenini satýan adamlara garşy ulanylýan zorluklaryň öňüni alar we olaryň WIÇ infeksiýasyna we SPID keseline uçramak ähtimallygyny peselder" diýip, belleýär. Zorlugyň pidalary hyýanatçylyklara müşderileri, polisiýa işgärleri, lukmanlar we garyndaşlary tarapyndan sezewar edilýär.
Siz nähili oturmagy halaýarsyňyz? Biziň herimiziň öz oturyş ýagdaýymyz, aýratynlygymyz bolup, ol biziň bedenimiziň saglyk ýagdaýyna, endigimize, jemgyýetde tutýan ornumyza baglydyr.
Siz aýagyňyzy aýagyňyzyň üstünde goýup oturmagy halaýaňyzmy? Göräýmäge, amatly. Şeýle oturma has hem zenanlaryň arasynda ýörgünli we bu oturyş olary has näzik görkezýän ýaly. Ýöne lukmanlar bu ýagdaýda oturmagyň saglyga zyýan ýetirip biljekdigini aýdýarlar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.