
Salam lukman! Meniň elimiň birinji barmagyna örgün örüp başlap, Ilki gijedi, soň ýüzi kesmekläp jaýrylyp başlady. Başda kän ünsem bermedim, adaty el kremlerini çalan boldum. Soň beýleki barmaklarymada geçip başlady. Üýtgeşik ellän zadym hem ýok. Onsoň lukmana ýüz tutdum. Bejergi ýazdy:natriý tiosulfat ergininiň sanjymy 1 wagtyna 5 gün, mezim 3 wagtyna, suprastin 2 wagtyna, salisil turşulygy, Sinoflanyň melhemi. 5 günden elim düzeldi. Ýene-de 1 hepde geçensoň gaýtadan bildirip başlady. Sinoflan melhemini 3 gün çaldym welin aýryldy. Biraz wagtdan örgün ýene gaýtalanýar. Bu barada maslahat berseňiz hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Tebigat Zenany hoşboý ysly güllerden, daglaryň ak garyndan, bullurdap akýan çeşme suwundan ýasap, oňa öz reňkleriniň iň gowsuny peşgeş beren bolmaly. Zenan näz-kereşmesi, ejizligi, mähirliligi ony şeýle syrly edip görkezýän bolsa, onuň gözelligi, beden syraty erkek adamlary özüne maýyl edýär.
Zenan bedeniniň gözelligi we syrlylygy şahyrlar tarapyndan wasp edilip, aýdymdyr-şygyrlarda öz beýanyny tapan bolsa-da, zenan päkligini we gyzlyk mertebesini görkezýän gyzlyk perde baradaky soraglar elmydama üns merkezinde bolmagynda galýar.
Gyzlyk perde... Syrlylygyň, buýsanmalaryň, oýlanmalaryň, ynanmazlygyň, jedelleriň gözbaşy. Geliň onuň bilen baglanşykly, lukmana has ýygy berilýän soraglaryň üstünde durup geçeliň.
Dowamy

Salam hormatly lukman! Menin ökjam jaýrylýar. Şeýle ýagdaýda haýsy çäreleriň geçirilmegi peýdaly bolarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men häzir 25 ýaşymda. Ertir irden ukydan turamda dine ýüregim bulanýar. Maşyna münsem hem şeýle ýagdaý gaýtalanýar. Şuňa çäre ýokmuka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Maňa androlog lukmany gonowaksina dermany bilen bejergi belledi. Bu derman barada maglumat berseniz minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Heläkçilige uçranyňdan ýa-da şuňa meňzeş ýagdaýlardan soň, näme sebäpden teniňde gögeren tegmiller emele gelýärkä? Ony çalt aýyrmagyn usullary barada aýdyp geçäýseňiz.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly Lukman! Biz gelnim bilen siziň saytyňyzy uly höwes bilen okaýarys. Meniň gelnim ilkinji göwreliligiň 29-njy hepdesinde. Ol sag böwreginiň dowamly agyryandygyny aýdýar. Şeyle ýagdaýda nähili bejergi almalyka? Maslahatyňyz üçin sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Bizin ýurdumyzda daňlan ýatgynyň turbalaryny açdyryp bolýarmyka? Nirede açdyryp bolýarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

İlkinji göwrelilikde göwredaki çaga düşürlende (abort edilende) ikinji gezek çaga galmaýar diýýärler. Bu dogrumyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 32 ýaşymda, aýalym bolsa 28 ýaşynda. Biziň maşgala guranymyza 3 aý bolsa-da, men aýalym bilen jynsy gatnaşygy başlap bilemok. Ol gorkýar, gaçýar ya-da meni islemeýär. Bu barada hiç kime aýdyp hem bilemzok. Hiç hili bejergi ýa-da derman almadyk. Maslahatyňyz bilen kömek bermegiňizi haýyş edýäris.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka