Salam, Lukman! Meniň gyzym üç ýaşynda. Onuň kellesi hemişe gyzgyn. Newrolog lukmanyna ýüz tutduk, ol hem gyzymyň kellesiniň bolmalysyndan biraz uludygyny aýtdy. Lukman gyzymyň kellesini rentgene düşürmek zerurlygynyň ýokdugyny hem aýtdy. Biz Siziň maslahatyňyza mätäç.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukmanlar! Käbir adamlar dil ýuwutma (diliñ gitmegi) sebäpli çaşýalar. Şolar ýaly ýagdaýda ilkinji kömegi nädip bermeli? Dil gitmeginiñ sebäpleri nämeden bolup biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, Lukman! Meniň arkamda dowamly agyry bar, süňklerimiň birleşýän ýeri agyrýar. Gijelerini biynjalyk edýär, ýatyp bilemok. Kyn görmän, munuň sebäbini düşündiräýiň.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly saýtyň lukmany! Men trenažora gatnaýan. Gatnap ýörenime köp wagt boldy, ýöne täzeden bäri türgenleşenimde ýeňsämiň damary çekýär. Munuň sebäbi nämekä? Öň beýle bolanokdy, indi sähelçe agram bersem, damary çekip dur. Jogabyňyza garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, Lukman! Men 26 ýaşymda. Meniň ýatkeşligim öň kadalydy, şu wagt bolsa onuň kadaly däldigini duýýaryn. Maňa Siziň maslahatyňyz gerek.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly Lukman! Sakawlama keselini nadip bejerip bolyar? Men 15 yyl mundan öň bir itden gorkup, su kesele duşdum. Häzir 24 yaşymda. Gayrat edip, kömek etmegiňizi sorayaryn. Taňry ýalkasyn.
Hormat bilen, Myhman.
Jogaby oka
Salam saglyk infonyň işgärleri! Saýtyňyzda ýerleşdirýän makalalaryňyzy uly höweslenme bilen okaýaryn. Daşary ýurtlarda Alsgeýmeriň keseline uly üns berilýär. Biziň lukmançylyk edebiýatymyzda şonuň ýaly keseliň kesgitlemesine duş gelinmeýär. Ýa-da ol başga atly kesel kesgitlemesi bilen alnyp barylýarmyka? Bu kesel ösen ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň keselimikä?Alsgeýmeriň keseli barada giňişleýin maglumat berseňiz, Size minnetdar bolardyk.
Salam bilen okyjyňyz.
Jogaby oka
Salam hormatly Lukman!
Maňa esasy gidrosefaliýanyň kompensirlenen birinji derejelisi barada maglumat gerekdi. Täze ýazjak makalaňyzda şu kesel we onuň bejergisi barada türkmen dilinde maglumat berseňiz, minnetdar bolardyk.
Atamyrat.
Jogaby oka
"Siringomieliýa ýa-da siringobulbiýa, oňurga ýiliginiň belli bir bölekleriniň inçelmesi, käbir böleklerinde intermodulýar gabara döreme, çanaklyk organlarynyň funksiýalarynyň bozulmagy" - diýlip, diognaz goýlan hassanyň ýagdaýy agyr. Ýöremekden galan. Aýaklary agyrýar, güýçli çekýär we başga dertler. Ýüz tutulan neýrohiruruglar operasiýa degişli däldigini aýdýarlar.
Bu kesele näme çäre barka? Siziň maslahatyňyza mätäç.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka