Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MEN NÄME ÜÇIN SEMREÝÄKÄM?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.85 (20 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men 22 ýaşymda. Mundan 3 ýyl öñ 59 kiledim. 20 yasymda 1-nji cagam boldy. Şondan soň 110 kg boldum, özümem gün-günden semreyän berhizem tutýan, ýöne şonda-da  horlanyberemok. Lukmanlara-da ýüz tutdum, üýtgeşik kemçilik tapmadylar. Semizlikden oňurgam azajyk gyşarypdyr, gerek bejergini aldym. Men gaty semizlikden ejir çekýän, gaty erbet bykynlarym çişýär, ähli yerim agyrýar. Maňa gerekli maslahat, kömek berseňiz köp minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5828 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.25 (12 Ses)

 

Salam, gadyrly lukman! Siziň kista baradaky bir soraga beren jogabyňyzy okadym.Ýöne indi kistanyň döremegine sebäp bolýan zatlar, onuň döremeginiň öňüni almak baradaky çäreler hakda-da aýtsaňyz minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7105 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (9 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men 8 aýlyk göwreli gelin. Birki hepde mundan öñ meniñ sag budumyñ damary tokga-tokga düwün-düwün bolup çisip başlady. Dyzymyñ üsti hem bildirip dur. Munuñ sebäbi näme? Bu nädip bolýar we men näme etmeli? Damaryñ çismesi meniñ üçin zyýanlymyka? Hiç hili agyrysy bolmansoñ, göwrelilikden soñ öz-özi hem aýrylar diýip gezip ýörün men-ä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 8663 gezek okalan

AÝBAŞYNYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Size işiňizde üstünlik arzuw edýärin. Men hazir 29 ýaşymda, iki cagam bar. Sonky wagtlarda aýbaşym gelmegine on gün, bir hepde galanda men özümi erbet duýýyaryn. Hiç zat ýok ýerden erbet gaharym gelýär, hiç kim göwnüme degmese-de aglaýaryn, kahalatlarda hem üşedýärin, işdäm açylýar. Munuň näme üçin beýle bolýandygyny düşündirmegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5181 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (17 Ses)

Salam! Meniñ gyz doganym 21 ýaşynda. Ol aybaşy döwründe başaylanma, yürekbulanma bilen başlanyan yiti agyryny başdan geçirýär. Heniz lukmana ýüz tutup görenok. Soňky 2 aý yagdaýy has-da beterleýär Myşsa nasogin, dimedrol sanjym edilse agyry aýrylyar. Indiki aý ýene öňki ýagdaýy. Güýçli agyrynyñ sebäbi näme? Ýa bu şeýle bolmalymyka? Munuň bejergisi yokmuka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 10030 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Salam hormatly Lukman! 25-28 ýaşlaryndaky gyzyň ýatgysynda  sowuklama, kista we kiçiräk yaralar bar. Bu zatlar üçin bejergiler kabul edildi, bejergiden soň 4-5 aý  gecdi, ýöne indi aýbaşy halkasy bozulyp, wagtal-wagtal hapalar gelýär. Içinde yza döreýär, ýatgynyň içi hapadan doly görnenok diýýär. Bu derdtden nädip saplanyp bolar? Beyle ýagdaý köp dowam edermikä? Bu ýagdaýlardan soň göwrede çaga galmazlyk howpy nähili bolarka? Bu meselede kista nähili zyýan ýetirip biler, ony kesdirip aýyrmak gyz üçin howply dälmikä? Siziň gymmatly maslahatyňyza garaşýarys!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7580 gezek okalan